«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e, Kazana bolsa dörtden alta çenli artdyrar. Bu üýtgeşmeler awiakompaniýanyň täze uçuş tertibinde görkezilen.
Türkiýäniň Stambul şäheri ugry boýunça çarşenbe gününe goşmaça gatnaw ýola goýlar. Şeýlelikde, Aşgabat bilen Stambulyň arasynda uçuşlar her gün amala aşyrylar. Häzirki wagtda gatnawlar duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilýär.
Käbir uçuşlaryň wagty hem üýtgär. Hususan-da, T5-921 gatnawy Aşgabatdan 18:20-de däl-de, 19:10-da, T5-901 bolsa 05:50-de däl-de, 07:30-da ugrar. Anna güni irden ýerine ýetirilýän gatnawyň wagty 04:35-den 03:40-a geçiriler.
Aşgabat — Kazan (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) ugry boýunça 25-nji oktýabrdan penşenbe we anna günleri goşmaça gatnawlar ýola goýlar. Häzirki wagtda uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.
Ýekşenbe güni T5-737 gatnawynyň wagty hem üýtgediler — uçar 09:25-de däl-de, 22:45-de ugrar.
Mundan başga-da, anna günleri goşulmagy bilen Türkmenistanyň paýtagtyndan Hoşimin şäherine (Wýetnam) uçuşlaryň ýygylygyny hepdede ikiden üçe, penşenbe günki gatnawyň goşulmagy sebäpli Seula (Koreýa Respublikasy) birden ikä, şeýle hem anna günki täze gatnaw arkaly Milana (Italiýa) ikiden üçe çenli köpelder.
Şol bir wagtyň özünde Deli (Hindistan) ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede üçden ikä düşüriler. Muňa şenbe güni ýerine ýetirilýän gatnawyň ýatyrylmagy sebäp bolar.
Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Beýik Britaniýa) we Frankfurt (Germaniýa) ugurlary boýunça uçuşlaryň sany üýtgewsizligine galýar. Emma käbir uçuşlaryň ugraýan wagtlaryna üýtgeşme giriziler.