«Toyota Central Asia» täze nesil Toyota Land Cruiser Prado 250 üçin ýörite hyzmat kampaniýasyny yglan edýär

Şu gün, 12:022,148
1 / 3

Ozal tmcars habarlar portalynda çap edilen maglumata goşmaça hökmünde, Türkmenistanda Toyota-nyň resmi distribýutory bolan «Toyota Central Asia» kompaniýasy müşderilerine täze nesil Toyota Land Cruiser Prado 250 awtoulaglaryna degişli ýörite hyzmat kampaniýasy barada goşmaça maglumat berýär.

Öndüriji bilen geçirilen hyzmatdaşlygyň netijesinde «Toyota Central Asia» sanly görkezgiç paneliniň programma üpjünçiligini täzelemek bilen baglanyşykly hyzmat işlerini geçirmegiň zerurdygy barada resmi tassyknama aldy.

Ýörite hyzmat kampaniýasy diňe Toyota Land Cruiser Prado modeliniň täze nesline degişlidir.

Alada etmäge esas ýok. Öndüriji bu aýratynlygy öňünden ýüze çykardy we degişli hyzmat işlerini geçirmek üçin ähli zerur çäreleri gurnady. Ähli barlaglar we düzediş işleri öndürijiniň talaplaryna laýyklykda Türkmenistandaky resmi Toyota diler merkezlerinde müşderiler üçin mugt ýerine ýetiriler.

Howpsuzlyk, hil we ygtybarlylyk Toyota kompaniýasynyň hemişe ileri tutýan esasy gymmatlyklary bolup durýar. Şonuň üçin hem «Toyota Central Asia» resmi dilerler bilen bilelikde müşderileri dessine habarly edýär hem-de resmi hyzmat kampaniýasynyň çäklerinde ähli zerur işleri öz wagtynda ýerine ýetirýär.

Täze nesil Toyota Land Cruiser Prado awtoulaglarynyň eýelerine «Toyota Central Asia» kompaniýasynyň resmi web sahypasyna girmegi maslahat berilýär: https://toyota-centralasia.com/ru/sarii

Sahypada awtoulagyň VIN belgisini we aragatnaşyk telefon belgisini dolduryp, awtoulagyňyz bu ýörite hyzmat kampaniýasyna degişlidigini ýa-da degişli däldigini anyklap bilersiňiz. Eger awtoulag kampaniýa degişli bolsa, resmi dileriň hünärmenleri siziň bilen habarlaşyp, ähli zerur hyzmat işlerini müşderi üçin hiç hili çykdajysyz ýerine ýetirmek maksady bilen amatly senäni ylalaşarlar.

Şeýle hem, Türkmenistandaky resmi Toyota dilerleri bilen göni habarlaşyp bilersiňiz:

Garagum Ulag

Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi (Aýtakow), 7/A
Tel.: +993 12 43 70 57, +993 65 11 37 74

Balkanabat şäheri, M37 awtoýoly, «Balkan Gaz Üpjünçilik» binasynyň ýany, 52-nji bina
Tel.: +993 62 87 05 55

Beýik Ýüpek Ýoly

Aşgabat şäheri, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 39
Tel.: +993 12 761042 / 761032 / 761033, +993 63 06 11 33

«Toyota Central Asia» kompaniýasy müşderilerine bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Kompaniýa sürüjileriň howpsuzlygyny we kanagatlylygyny hemişe ileri tutup, ýokary hilli hyzmatlary hödürlemegi hem-de resmi hyzmat kampaniýasynyň çäklerinde ähli zerur işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegi dowam etdirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.