Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) dünýäde ilkinji bolup, ýaýraň witiligo keseliniň bejergisi üçin gerdejik görnüşdäki dermany makullady. Khaleej Times gazetiniň habar bermegine görä, bu derman ulgamlaýyn bejergi talap edýän, 12 ýaşdan uly adamlara niýetlenendir.
BAE-niň Derman serişdeleri boýunça edarasy (EDE) RINVOQ (upadasitinib) diýlip atlandyrylan bu derman üçin täze ulanyş görkezmesini tassyklady. Derman günde bir gezek içilýär. Sazlaýjy edaranyň bu karary ýaýraň witiligoly adamlar üçin elýeterli bolan ulgamlaýyn bejergi mümkinçiliklerini giňeldýär.
Bu täze bejergi usuly peýda bolmazdan öň, keseliň görnüşine we ýaýraýşyna baglylykda çalynýan melhemler, fototerapiýa we lazer usullary ulanylýardy.
Witiligo — melanin tegmilini öndürmäge jogapkär öýjükleriň bölekleýin dargamagy sebäpli deriniň käbir ýerleriniň reňkini ýitirmegi esasynda döreýän keseldir. Onuň ýüze çykmagynyň anyk sebäpleri ylmy taýdan henizem doly öwrenilmedik, emma esasy çaklamalaryň biri hökmünde awtoimmun täsirleşmesi görkezilýär. Witiligo ýokuşýan kesel däldir. Şonda-da ol daşky keşbe täsirini ýetirýändigi sebäpli adamyň durmuşyna we ruhy ýagdaýyna düýpli tasir edip bilýär.
EDE bu täze görkezmäniň tassyklanmagynyň BAE-däki hassalaryň täzeçil bejergi usullaryna elýeterliligini çaltlandyrjakdygyny belledi. Şeýle hem edara deriniň reňkinde geň üýtgeşmeler ýüze çykanda, öz wagtynda keseli kesgitlemek we degişli bejergini almak üçin hünärmenlere ýüz tutmagy maslahat berdi.