Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady
20.10.2025 11:00
3.2k+

Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady

Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy. 2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi
Chevrolet Tahoe 2026-da üçünji hatar oturgyçlary aýyrmak funksiýasy peýda boldy
20.10.2025 10:43
2.3k+

Chevrolet Tahoe 2026-da üçünji hatar oturgyçlary aýyrmak funksiýasy peýda boldy

General Motors 2026-njy ýylyň Chevrolet Tahoe kysymly ulagynyň korporatiw wersiýasy üçin täze konfigurasiýany hödürledi. Indi korporatiw müşderiler üçin niýetlenen Commercial (1FL) komplektasiýasynda RPO ATD kody bilen üçünji hataryň oturgyçlaryny aýyrmak funksiýasy elýeterli boldy
Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi
20.10.2025 10:29
6.2k+

Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi

Mercedes-Benz häzirki zaman tehnologiýalaryny nusgawy bezeg elementleri bilen sazlaşdyrýan täze konseptual kupesini — Vision Iconic modelini görkezdi. Bu ulag synag platformasy bolmak bilen bir hatarda brendiň taryhy awtoulaglaryna hormat hökmünde hem döredildi
Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar
20.10.2025 10:09
2k+

Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar

Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär
Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar
18.10.2025 23:02
3.7k+

Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar

Volkswagen kompaniýasy 2026-njy ýylda Touareg krossowerini çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Bu waka mynasybetli brend modeliň hoşlaşyk wersiýasyny – Final Edition-y hödürledi. Adaty wersiýalardan tapawutlylykda
Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer
18.10.2025 12:47
3.7k+

Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer

Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer
Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi
18.10.2025 07:03
8.5k+

Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi

Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy
Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi
18.10.2025 06:59
2.5k+

Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi

Porsche kompaniýasy SMEG italýan brendi bilen bilelikde döredilen hojalyk enjamlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Oňa hem çäkli çykaryljak eksklýuziw modeller, hem köpçülige elýeterli boljak enjamlar girdi
Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär
17.10.2025 20:21
4.5k+

Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär

Toyota konserni öz brend ulgamynda Century brendiniň ornuny takyk kesgitlemek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda Century-nyň geljekde Toyota-nyň flagmany bolup, Lexus-dan ýokarda durjakdygyny aýtdy. Century hatarynyň haçan giňeldilip başlanjakdygy entek belli däl
Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi
17.10.2025 17:14
5.4k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr
Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi
17.10.2025 16:55
3.8k+

Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi

Ýaponiýanyň Yamaha kompaniýasy üç tigirli Tricera ulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Täze modeliň esasy aýratynlygy — üç tigriniň ählisiniň hem dolandyrylmagyny üpjün edýän ulgamdyr. Prototip şu aýyň ahyrynda Tokioda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde ilkinji gezek görkeziler
Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi
17.10.2025 12:16
6.4k+

Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi

Mercedes-Benz G-Class 1970-nji ýyllaryň ahyryndan bäri  elli ýyla golaý wagt bäri nemes awtoulag stiliniň nyşany bolup galýar. BMW-niň X5 we XM ýaly modelleri bar, emma hakyky “Gelendwageniň” bäsdeşi häzire çenli döredilmedi
GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy
17.10.2025 00:22
3.9k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär
Jeep täzelenen Grand Wagoneer 2026 ulagyny hödürledi
16.10.2025 23:07
4.1k+

Jeep täzelenen Grand Wagoneer 2026 ulagyny hödürledi

Jeep 2026-njy ýylyň Grand Wagoneer ulagyny hödürledi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulag nusgawy amerikan stilini döwrebap tehnologiýalar we gibrid ulgam bilen utgaşdyrýar. Täze nesil Wagoneer bilen Grand Wagoneer modellerini düýbünden täze dizaýna we giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan bir awtomobile birleşdirýär
Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar
16.10.2025 09:20
2.7k+

Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar

Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar
Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi
16.10.2025 09:14
3k+

Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi

Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy
Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi
16.10.2025 09:13
3.1k+

Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi

BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy. Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy
Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar
15.10.2025 15:32
12k+

Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar

Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen Sienna Hybrid awtoulaglaryny meýletin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Öndüriji ikinji hataryň oturgyçlarynyň relsleri bilen baglanyşykly mümkin bolan meseläni ýüze çykardy, diýip Carscoops ýazýar
Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi
15.10.2025 11:36
8k+

Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi

Lexus soňky ýyllarda iň üýtgeşik konseptleriň birini – alty tekerli LS elektrik miniwenini görkezmäge taýýarlanýar. Kaşaň LS sedanynyň ornuna gelen model Japan Mobility Show 2025 sergisinde hödürlener we kompaniýanyň geljegiň rahatlygyna hem zynatyna garaýşyny görkezer
Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi
15.10.2025 11:23
2.6k+

Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi

Meşhur Lexus LFA modeliniň yzyny dowam etdirmeli täze superkaryň premýerasy şu ýyl däl-de, 2026-njy ýylda bolar. Ozal model ýakyn hepdelerde – oktýabryň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde hödürlener diýlip garaşylypdy
Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy
15.10.2025 00:27
4.8k+

Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy

Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir
Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar
14.10.2025 12:51
5.3k+

Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Tokiodaky Japan Mobility Show sergisinde görkezjek geljekki modelleriniň ilkinji suratlaryny hödürledi. Sergi 30-njy oktýabrda açylar. Çärede görkeziljek täze ulaglaryň arasynda Century premium subbrendi bilen hödürlenen synag kross-kupesi, şeýle-de indiki nesil Toyota Corolla ulagy bar
Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy
14.10.2025 12:43
3.2k+

Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň paýnamalary SU7 elektromobili bilen bolup geçen ýol-ulag hadysasy baradaky habardan soň Gonkong biržasynda 8,7% arzanlady. Bu aprelden bäri paýnamalaryň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy
13.10.2025 10:21
17k+

Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi
Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar
13.10.2025 09:35
3.9k+

Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar

Hyundai kompaniýasy heläkçilik ýüze çykanda ýangyn döremek howpunyň bolmagy sebäpli 135 386 sany Santa Fe krossowerini — şol sanda täze modelleri hem — yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş Milli gullugynyň (NHTSA) habaryna görä, käbir ulaglarda starter nädogry gurnalan bolmagy mümkin
Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar
13.10.2025 09:02
6.8k+

Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar

Mansory atelýesi Mercedes-Benz G-Class esasynda täze taslamany — Grande Entree ady bilen tanadylan aýratyn seriýany hödürledi. Bu seriýa diňe sekiz sany G63 modeli girer. Olar köp sanly karbon bezegleri, Rolls-Royce stilindäki yzky gapylary we täzeden işlenilen interýeri bilen tapawutlanýar
Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses
12.10.2025 23:58
4.7k+

Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses

Ferrari özüniň Elettrica kod atly ilkinji elektromobili barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Täze ulag umumy kuwwaty tas 1000 at güýjüne deň bolan dört elektrik hereketlendirijisine we 530 kilometrden gowrak ýol ätiýajy bilen 122 kWt/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar
Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy
12.10.2025 23:17
4k+

Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar
Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi
12.10.2025 22:59
1.7k+

Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi
Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy
12.10.2025 22:56
1.5k+

Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy

Aston Martin täze DB12 S flagman modelini hödürlemek bilen DB12 grand-turerleriniň hataryny giňeltdi. Täze model kupe we kabriolet görnüşlerinde elýeterlidir. Ulag täzeden sazlanan podweskany we güýçlendirilen 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini aldy
Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi
12.10.2025 22:46
5.4k+

Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi

Toyota kompaniýasy ramaly Fortuner wnedorožniginiň täze ýörite görnüşi — Leader Edition 2025-i tanyşdyrdy. Täze modifikasiýa täzelenen dizaýny we kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ulag üçin sargytlar oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda kabul edilip başlanar
Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi
11.10.2025 17:47
6.1k+

Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi
Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady
10.10.2025 13:43
2.6k+

Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady

Mercedes-Benz ilkinji modeli çykan­dan bäş ýyl soň, täze Wireless Headphone 2 atly simsiz nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar. Gizmochina portalynyň habar bermegine görä, MB WHP 2 model belgili enjam ýakynda BAE-de TDRA sertifikatyny aldy
Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi
10.10.2025 13:07
4.8k+

Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar
2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy
09.10.2025 18:18
10k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi
Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz
09.10.2025 18:10
2.4k+

Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz

Kia eýýäm oktýabr aýynda ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigini mälim etdi. Dilerlerde galan ätiýaçlyklar gutaran dessine, modeli satmak bes ediler. Munuň dünýä bazaryna täsir edip-etmejegi heniz belli däl, ýöne Motor1 Soul brendiň täzelenen model syýasatynyň pidasy boldy diýip hasaplaýar
Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi
09.10.2025 17:22
3.2k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi
Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi
09.10.2025 15:01
3k+

Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi

7-nji oktýabrda Tesla “iň elýeterli” hasaplanýan Model Y Standard we Model 3 Standard elektrokarlaryny hödürledi. “Ýokary derejede pes baha, howpsuzlyk we Tesla-nyň size ýaraýan iň gowy funksiýalary” – diýlip, kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar
Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi
09.10.2025 14:30
3.6k+

Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi

Lamborghini kompaniýasy Centro Stile dizaýn merkeziniň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen nusga-awtoulagy bolan Manifesto-ny hödürledi. Bu ulag önümçilik modeli bolman, eýsem, markanyň geljege bolan garaýşyny görkezýän "dizaýn manifesti" diýlip bellenilýär
BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri
09.10.2025 00:56
6.3k+

BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri

BMW we Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça dünýä satuw görkezijilerini mälim etdiler. Nemes brendleri biri-birine düýpgöter gapma-garşy ýagdaýlary başdan geçirýärler: bawariýaly öndürijileriň (BMW) satuwlary artsa, olaryň ebedi bäsdeşi ştutgartly öndürijilerde (Mercedes-Benz) ýagdaý öwerlik däl