Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar

13.10.2025, 09:026,788
1 / 4

Mansory atelýesi Mercedes-Benz G-Class esasynda täze taslamany — Grande Entree ady bilen tanadylan aýratyn seriýany hödürledi. Bu seriýa diňe sekiz sany G63 modeli girer. Olar köp sanly karbon bezegleri, Rolls-Royce stilindäki yzky gapylary we täzeden işlenilen interýeri bilen tapawutlanýar.

Tehniki taýdan bu täze model şu ýylyň güýzünde görkezilen Mansory P820 Linea D’Arabo bilen meňzeş bolsa-da, onuň dizaýny düýpgöter başga: kuzowy ak reňk bilen boýalyp, uglerod süýmünden ýasalan gara elementler bilen kontrast döredilýär.
Interýer bolsa ak deri bilen örtülip, mawy öwüşginli bezegler bilen bezelendir. Iň üýtgeşik aýratynlyklaryň biri — hereketlendirijiniň işe girizilýän düwmesi — indi potolokda ýerleşýär.

Awtoulagyň daşky görnüşinde uglerod süýüminden ýasalan bamperler, güberçek kapot, uly yzky spoýler, diffuzor, şeýle hem ätiýaçlyk tekeriniň örtügi we öňe-yza süýşýän aýakbasarlar bar. Kapotyň aşagynda bolsa 820 at güýjüni we 1150 Nm torky öndürýän dört litrlik turbo görnüşli V8 hereketlendiriji ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.