Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy

15.10.2025, 00:274,767
1 / 4

Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi.

Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir. Jemi 19 sany ulag öndüriler, hersiniň bahasy bolsa takmynan 2,95 million ýewro bolar.
Kapotyň astynda 5,2 litrlik V8 turbomotor ýerleşýär, ol 900 at güýjüni öndürýär we 5 tizlikli el geçiriji Cima gutusy bilen jübütlenendir. Ulagyň hereketi yzky tekerlere geçirilýär. Karbon monokok gurluşy (LMP1 görnüşli) we ýeňledilen podramnikleri agramy 1200 kg-dan az edýär. Netijede, ulag 3 sekuntdan hem az wagtyň içinde 100 km/sag tizlige çykyp, iň ýokary tizligi 360 km/sag ýetýär.
Şassi ulgamy goşa ryçagly podweska, Bilstein amortizatorlary we karbon-keramiki tormozlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Hünärmenleriň pikirine görä, Capricorn 01 Zagato, Ýewropada öndürilýän çäklendirilen sany giperkarlaryň arasynda iň öňdebaryjy modelleriň biri bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.