Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
21.05.2025 11:04
8.3k+
Fransiýada 3000-den gowrak adam rekord goýmak üçin smurflaryň eşigini geýdi
Fransiýanyň Landerno kommunasynda smurflaryň eşigindäki adamlaryň sany boýunça dünýä rekordy goýuldy. Çärä 3076 töweregi adam gatnaşdy. Ertekilerdäki gök jandara hatda şäheriň häkimi Patrik Leklerk hem öwrüldi diýip, France 24 habar berýär
20.05.2025 22:00
3.2k+
Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy
Huawei kompaniýasy Hytaýda Nova 14 smartfon hataryny hödürledi. Hatara esasy model bilen birlikde Pro we Ultra wersiýalary girdi. Smartfonlaryň ählisi Harmony OS 5 operasion ulgamynda işleýär we emeli aň funksiýalaryny goldaýar
20.05.2025 15:27
8.6k+
Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler
Alberto Jakomettiniň "Uly inçe kelle" ady bilen hem tanalýan "Diýegonyň uly kellesi" heýkeline Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksion öýünde alyjy tapylmady. 70 million dollar diýip goýlan başlangyç bahasy gaty gymmat görüldi diýip, New York Post ýazýar
20.05.2025 14:22
7.6k+
Ak-gara tebigat: Monochrome Photography Awards bäsleşinden çap bolmadyk suratlar
Monochrome Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary ýaryşyň täze möwsümine gatnaşjaklaryň arzalaryny kabul edip başladylar. Isleg bildirýänler öz işini 2025-nji ýylyň 6-njy iýulyna çenli tabşyryp biler. Şu mynasybetli bäsleşigi guraýjylar ýabany tebigata bagyşlanan ozal çap edilmedik ak-gara suratlary çap etdiler
20.05.2025 14:15
7.3k+
British Photography Awards bäsleşiginde “Haýwanlar” kategoriýasy boýunça iň gowy suratlar yglan edildi
British Photography Awards bäsleşiginiň guramaçylary geçen ýyl boýunça “Haýwanlar” kategoriýasynyň ýeňijilerini yglan etdiler. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen suratlary saýlap aldylar, olarda ýabany tebigatyň durmuşynda seýrek gabat gelýän we manyly pursatlar surata alnypdyr
20.05.2025 10:45
9.2k+
Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar
X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy
20.05.2025 10:44
3.6k+
Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady
Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi
20.05.2025 10:42
15k+
Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy
Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär
20.05.2025 10:34
2.6k+
Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300
Huawei Hytaýda MateBook Fold Ultimate Design noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “ýokary durulygy bolan çeýe displeýli dünýäde ilkinji PK” diýip atlandyrýar. Noutbugyň agramy 1,16 kg, korpusynyň ýogynlygy bolsa açyk ýagdaýda 7,3 mm barabar
20.05.2025 10:33
3.9k+
Hytaýda domino stilinde “kart öýjagazyny” düzüp, ýykmak boýunça rekord goýuldy
Hytaý topary Wang Lei's Domino World domino stilinde 51 725 oýun kartyndan konstruksiýa düzmek we ýykmak bilen Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada zakon.kz portaly habar berýär. Rekord üçin kartlary ýelden goraýan penjireler bilen ýörite ýapyk bina guruldy
20.05.2025 10:31
2.5k+
Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy
Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady
20.05.2025 07:46
3k+
OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer
«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
20.05.2025 07:37
3.8k+
Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady
Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär. Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy
20.05.2025 07:20
5k+
Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly
Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi. Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar
20.05.2025 07:16
1.9k+
Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler
Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär. Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler
19.05.2025 22:31
7.4k+
Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi
19.05.2025 19:01
5.7k+
Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär
EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi
19.05.2025 18:55
4.1k+
Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar
Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär
19.05.2025 18:53
2.9k+
Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi
Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir
19.05.2025 18:18
2.6k+
Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar
Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
19.05.2025 18:09
2.2k+
YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar
Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer
19.05.2025 17:50
4.8k+
“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler
Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler. Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär
19.05.2025 17:45
1.6k+
Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi
Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman smart-sagatlaryny hem-de Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro modellerini hödürledi. Watch 5 sagady 42 we 46 mm korpus diametrleri bilen elýeterlidir. Olaryň ikisi-de eSIM-i goldaýar we sport bilen meşgullanmak, saglyk ýagdaýyňa gözegçilik etmek üçin laýyk gelýär
19.05.2025 17:17
2.4k+
Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garwardyň hukuk mekdebiniň kitaphanasynda 80 ýyl saklanan we Azatlyklaryň beýik hartiýasynyň nusgasy hasaplanyp gelen golýazmanyň asyl nusgadygy kesgitlenildi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär
19.05.2025 15:07
2.7k+
Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi
Computex 2025 sergisiniň öňüsyrasynda Acer kompaniýasy özüniň emeli aňly ilkinji dakylýan gurluşlaryny hödürledi. Bu FreeSense Ring smart-ýüzügi we AI TransBuds nauşnigidir. FreeSense Ring ýüzügi ultra-ýeňil titan ergininden ýasaldy
19.05.2025 15:05
2.2k+
London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi
London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi
19.05.2025 15:04
1.8k+
Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi
Acer kompaniýasy Computex 2025 sergisinde täze Swift Edge 14 AI flagman noutbugyny görkezdi. Gurluş ykjam dizaýny we ýokary öndürijiligi birleşdirýär. Ol Microsoft Copilot+ programmasy boýunça döredildi we bu ony Windows 11-de EA bilen işlemek üçin amatly edýär
19.05.2025 15:00
3k+
“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar
18.05.2025 22:52
5.1k+
12 ýyl mundan ozal çykan GTA V-iň satuwy soňky çärýek 5 mln nusga artdy
Take-Two Interactive kompaniýasy soňky çärýek üçin maliýe hasabatyny hödürläp, Rockstar Games taslamalary boýunça maglumatlar bilen paýlaşdy. Hasabata görä, GTA V-iň satuwy 215 mln nusga ýetdi, bu bolsa fewral aýyndaky 210 mln bilen deňeşdirilende 5 mln nusga köpdür
18.05.2025 22:46
2.7k+
Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi
“Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” (Легенда об Аанге: Последний маг воздуха) animasion filmi garaşylandan giç çykar. Paramount reliziň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan oktýabryna süýşürilendigini habar berdi diýip, Variety ýazýar
18.05.2025 22:37
12k+
ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler
ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär
18.05.2025 22:33
5k+
Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy
Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy
18.05.2025 16:44
1.3k+
«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär
Microsoft korporasiýasy täze «Copilot Voice» atly ses bilen dolandyrylýan mümkinçiligi synag edip başlady. Bu aýratynlyk Windows 11 ulanyjylaryna diňe «Hey, Copilot!» diýmek arkaly emeli aň kömekçisi bilen söhbetdeşlige başlamaga mümkinçilik berer
18.05.2025 16:39
4.7k+
Nolanyň “Odisseý” filmi başdan-aýak IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar
Kristofer Nolanyň “Odisseýi” tutuşlygyna IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar. Bu barada Kann film festiwalynda IMAX-yň baş direktory Riçard Gelfond habar berdi. Collider onuň sözlerini getirýär
18.05.2025 16:34
26k+
Uçýan köşk: Trampyň täze hususy uçary nähili?
«Daily Mail» britan neşiri «Boeing 747» kysymly uçaryň suratlaryny çap etdi. Metbugat maglumatlaryna görä, bu uçary Kataryň patyşa maşgalasy Donald Trampyň administrasiýasyna sowgat hökmünde beripdir. Bahasy 400 million dollar bolan uçar eýýämden «uçýan köşk» diýip atlandyrylyp başlandy
18.05.2025 13:42
3.4k+
Hökümet mejlisinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri barada aýdyldy
Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş - sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär
18.05.2025 10:12
5.1k+
Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär
18.05.2025 10:09
4.9k+
“Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginde Awstriýa ýeňiji boldy
Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy
18.05.2025 09:19
2.6k+
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda iki sany aýdym-saz festiwaly geçiriler
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler
18.05.2025 09:11
1.7k+
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly
«
1
…
84
85
86
…
276
»
«
1
…
81
82
83
84
85
86
87
88
89
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.