Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
21.10.2025 10:54
3.4k+
“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy
Ýakynda “Mahabat” müdirligi Mämmetjanyň başdan geçirmeleri dogrusynda gürrüň berýän multfilmiň «Meniň oýnum» atly täze bölümini halk köpçüligine ýetirdi. Multfilmi döretmek üçin döredijilik toparynyň eden yhlasy onuň täsirli sahnalarynda, gahrymanlaryň gyzykly gürrüňlerinde hem-de hereketlerinde, şeýle hem olaryň ýatda galyjy seslendirmelerinde has-da aýdyň görünýär
17.10.2025 00:10
6k+
Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär. Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi
15.10.2025 14:32
1k+
Netflix telewizorlar üçin wideo oýunlaryny çykarar
Netflix ulanyjylara gös-göni Smart TV telewizorlarynda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg Screentime konferensiýasynda kompaniýanyň baş direktorlarynyň biri Greg Piters habar berdi
15.10.2025 14:26
2.3k+
Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer
Disney kompaniýasy “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” atly meşhur animasion filmiň laýw-ekşn remeýkiniň üstünde ýene-de işläp başlady. Baş gahrymanlaryň biri — ene Goteliň keşbini Skarlett Ýohanssona ynanmak göz öňünde tutulýar diýip, Deadline habar berýär
15.10.2025 14:17
1.9k+
“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar
Warner Bros. kompaniýasy Legendary bilen hyzmatdaşlykda “Minecraft kinoda” filminiň dowamyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Dowamynyň dünýä prokatyna çykarylmagy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda meýilleşdirilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
15.10.2025 11:27
2k+
Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi
Warner Bros. Discovery mediakorporasiýasy öz bäsdeşi Paramount Scydance-iň satyn almak teklibini ret etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Warner Bros. teklip edilen bahany “has arzan” hasaplady. Ozal Paramount-yň her paý üçin 20 dollar töläp, Warner Bros
14.10.2025 20:31
4.9k+
Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar
Amazon MGM Studios ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp hakynda dokumental film taýýarlaýar diýip, Variety habar berýär. Filmiň çykjak senesi 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär. Filme “Dykyn wagty” («Час пик») atly gülküli boýewik bilen tanalýan režissýor Brett Ratner ýolbaşçylyk eder
14.10.2025 13:31
3.3k+
New Line “Mortal Kombatyň” ikinji bölümi çykmanka üçünjisiniň üstünde işläp başlady
New Line Cinema studiýasy “Mortal Kombat” filminiň ikinji bölümi çykmazdan ozal üçünjisini taýýarlamaga girişdi. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň ssenariçisi ýene-de Jeremi Sleýter bolar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Warner Bros
13.10.2025 16:20
3.8k+
Bredli Kuper “Ouşeniň on bir dosty” filminiň prikwelinde Margo Robbi bilen bilelikde oýnar
Amerikaly aktýor Bredli Kuper (“Ýyldyz doguldy”, “Snaýper”) “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцати друзей Оушена) filminiň prikwelinde Margo Robbä (“Barbi”, “Öz janyna kast edijileriň topary”) goşuldy. Bu barada Deadline we Variety habar berýär
12.10.2025 23:44
2.5k+
“Zalym: Baky” 2025-nji ýylda petekleriň deslapky satuwy boýunça rekord goýdy
“Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) fentezi-mýuzikli 2025-nji ýylda petekleriň satylyp başlanan ilkinji güni satuw boýunça rekord goýdy. Bu barada Fandango serwisi habar berýär. Film görkezijiler boýunça “Supermen”, “Arwahlary ýok ediji” ýaly uly premýeralardan öňe geçdi
12.10.2025 11:33
2.1k+
Duolingo-nyň gahrymanlary baradaky animeniň ilkinji treýleri çykdy
Duolingo “Soňky synag” (The Final Test) ady bilen anime serialynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Baş gahryman kompaniýanyň tumary – ýaşyl baýguş Duo boldy. Sýužet boýunça hakyky dünýäden adamlar howply synaglaryň dünýäsine düşýär
12.10.2025 11:17
3.4k+
Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” filminiň dowamynda oýnar
Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň düşürilişine gatnaşar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy 2006-njy ýylyň meşhur komediýasynyň dowamynyň düşürilýän ýeri bolan Milanda göründi
11.10.2025 17:54
10k+
Jon Litgou ilkinji gezek Dambldoryň keşbinde göründi
Internetde 79 ýaşly Jon Litgouyň HBO-nyň Garri Potter barada täze serialynyň düşürilişinden Dambldoryň keşbinde ilkinji suratlary peýda boldy. Kadrlar X sosial ulgamynda resmi Wizarding World Direct akkaunty tarapyndan hödürlendi
11.10.2025 16:59
4.5k+
“Kerpiç” nemes filmi 62 mln tomaşa ýygnap, Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň hataryna goşuldy
Germaniýada çykarylan “Kerpiç” (Brick) trilleri garaşylmadyk ýagdaýda Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň birine öwrüldi. Iýulda premýerasy bolany bäri film 61,7 mln tomaşa ýygnap, tomaşaçylary 103,8 mln sagatlap ekranyň öňünde saklady
10.10.2025 09:25
8.2k+
Leonardo Di Kaprio gaýta-gaýta görmäge taýýar filmlerini aýtdy
Leonardo Di Kaprio BBC neşiri bilen söhbetdeşlikde yzygiderli gaýtalap tomaşa etmäge taýýar filmleri barada aýtdy. Onuň sanawynda ýedi film bolup, olardan aglabasy dünýä kinematografynyň klassyk filmleri diýlip ykrar edildi
09.10.2025 18:12
3.5k+
Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler
Ilon Mask Grok AI-niň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tomaşa edip boljak wideo-filmleri döredip biljekdigini, 2027-nji ýylda bolsa hakykatdanam ýokary hilli filmleriň peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy
09.10.2025 17:22
3.1k+
Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi
Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi
07.10.2025 23:11
9.1k+
Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze bölümini düşürer
Meşhur hytaýly aktýor Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” (Доспехи Бога) franşizasynyň dördünji bölümini düşürer. Bu barada Gazagystanyň Salem Entertainment studiýasy öz Instagram sahypasynda habar berdi. “Biz Jeki Çanyň Alma-Ata sapary [sentýabryň ahyry] barada resmi taýdan maglumat berýäris
07.10.2025 16:35
3.8k+
Kingiň “Uzak gezelenç” romanynyň film görnüşi 21-nji oktýabrda onlaýn çykar
“Uzak gezelenç” (Долгая прогулка) antiutopiýasy 21-nji oktýabrda sanly platformalarda çykar. Bu barada WhenToStream portaly we DVD’s Release Dates saýty habar berdi. Film Stiwen Kingiň 1966-njy ýylda Riçard Bahman lakamy bilen çykaran romanyna esaslanýar
07.10.2025 13:35
2.7k+
“Doga 4” taryhda iň köp girdeji gazanan üçünji horror filmi boldy
“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последний обряд) filmi dünýä prokatynda haýran galdyryjy üstünlik gazanyp, franşizada iň girdejili bölüm boldy. Tomaşaçylary Eda bilen Lorreýn Uorrenleriň hekaýatynyň soňuny görkezmek wadasy özüne çekdi
06.10.2025 17:47
3.1k+
“Jon Uik” franşizasyna western žanrynyň elementleri bilen samuraý filmi goşular
Lionsgate studiýasy “Jon Uik” franşizasynyň samuraý filmi bilen western žanrynyň elementlerini birleşdirjek täze spin-off-yny taýýarlaýar. Ssenariniň üstünde o diýen belli bolmadyk ssenariçi Ostin Ewerett işleýär
06.10.2025 11:06
3.7k+
“Ahyrky nokat 7” režissýoryny tapdy
Warner Bros. we New Line “Ahyrky nokat” horrorynyň ýedinji bölümi üçin režissýor saýladylar. Filmi “Gijeki ogry” atly filmi bilen tanalýan belgiýaly režissýor Mihil Blanşar goýar diýip, Deadline neşiri habar berýär
05.10.2025 12:39
3.1k+
“Ümsüm ýer-3” filminiň çykmagy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna süýşürildi
“Ümsüm ýer-3” horror filminiň relizi 2027-nji ýylyň 9-njy iýulyndan 30-njy iýulyna süýşürildi. Bu barada Deadline habar berýär. Täze senede filmiň entek prokatda bäsdeşi ýok. Jon Krasinki franşiza režissýor, ssenariçi we prodýuser hökmünde gaýdyp gelýär, ýöne sýužet we aktýorlar düzümi entek gizlin saklanýar
04.10.2025 16:39
11k+
Boksçy "Şazada" Nasim baradaky filmiň treýleri çykdy
Internetde meşhur iňlis-ýemen boksçysy "Şazada" Nasim Hamed hakyndaky "Äpet" atly sport dramasynyň treýleri ýaýradyldy. Film oktýabr aýynda 2025-nji ýylda geçiriljek BFI London film festiwalynda görkeziler. Filmde Amir El-Masri we Pirs Brosnan çykyş edýär
04.10.2025 16:30
20k+
Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy
Şah Ruh Han dollar milliarderleriniň sanawyna girizilen ilkinji Bolliwudly aktýor boldy. Onuň arassa baýlygy 1,4 milliard dollar hasap edilýär diýip, Hindistanyň iň baý adamlarynyň her ýyl düzülýän Hurun India Rich List 2025 sanawyna salgylanýan BBC habar berýär
04.10.2025 15:52
1.8k+
Täze “Supermen” filmine HBO Max-da 13 million gezek tomaşa edildi
Variety neşiriniň habar bermegine görä, Jeýms Gannyň täze “Supermen” filmi HBO Max akym hyzmatynda oňyn netijeleri görkezýär. Çykarylandan bäri 10 günüň içinde oňa 13 million gezek tomaşa edildi, bu “Barbi” geçen ýyl akym hyzmatyna çykaly bäri iň gowy netije boldy
04.10.2025 14:59
3.1k+
“Kesgir gaşlar” uruşdan soňky Birmingem barada täze serial bilen gaýdyp geler
“Kesgir gaşlary” (Острые козырьки) döreden Stiwen Naýt ilkinji serialyň gönüden-göni dowamy boljak täze serialyň üstünde işläp başlady. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, serial Netflix we BBC platformalarynda çykar
03.10.2025 18:02
4k+
Gazagystanda geçirilýän "Gorkut Ata" kinofestiwalynda täze türkmen filmleri hödürlenildi
Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň Aktau şäherinde geçirilýän «Gorkut Ata» halkara kino festiwalynda täze türkmen filmleri hödürlendi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwala şu filmleri
03.10.2025 17:14
2.8k+
Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň täze treýlerini görkezdi
Netflix režissýor Gilýermo del Toro tarapyndan düşürilen “Frankenşteýn” romanynyň ekranlaşdyrmasynyň ikinji treýlerini çykardy. Platformada filmiň premýerasy 7-nji noýabra meýilleşdirilýär. Baş keşpleri Oskar Aýzek, Jeýkob Elordi, Mia Got we Kristof Wals ýerine ýetirdi
03.10.2025 17:06
3k+
Jim Kerri kino goşan goşandy üçin “Sezar” hormat baýragynyň eýesi bolar
Aktýor Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin “Sezar” hormat baýragynyň eýesi bolar. Fransuz kinoakademiýasynyň baýrak gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Parižde geçiriler diýip, Variety neşiri habar berdi
01.10.2025 18:00
5k+
Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň jemleýji treýlerini görkezdi
Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň soňky treýlerini çykardy. Onuň daşary ýurt kinoteatrlarynda premýerasy 26-njy noýabrda bolar. Ikinji bölümde tomaşaçylar ýene-de towşan Judi Hops we tilki Nik Uaýld bilen duşuşar
30.09.2025 17:48
3.2k+
Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler
Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär
29.09.2025 19:11
3.2k+
San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi
Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär
29.09.2025 14:43
8.7k+
«Ofis» teleserialynyň ýyldyzlary «Kim millioner bolmak isleýär?» gepleşiginde 1 mln dollar utdular
Meşhur «Ofis» sitkomynyň aktýorlary Keýt Flenneri we Oskar Nunýes «Kim millioner bolmak isleýär?» amerikan telegepleşiginde baş baýragy, ýagny 1 million dollar gazandylar. Olar bu puly haýyr-sahawat gaznalaryna ugratmagy meýilleşdirýärler
29.09.2025 00:00
4.9k+
Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy
Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer
28.09.2025 23:49
3.3k+
“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy
“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär
28.09.2025 20:17
2.8k+
Warner Bros. kinostudiýasy 2025-nji ýylda 4 milliard dollar girdeji gazandy
Warner Bros. şu ýyl dünýädäki kassa ýygymynda girdejisi 4 milliard dollardan geçen ilkinji Golliwud studiýasy boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Bu kompaniýanyň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji şeýle netijesidir
28.09.2025 10:45
2.5k+
Deni Wilnýow 2026-njy ýylda täze “Jeýms Bondy” gözläp başlar
Kanadaly režissýor Deni Wilnýow indiki ýyl çykjak “Dýunanyň” üçünji bölüminiň üstündäki işleri tamamlandan soň, Jeýms Bonduň keşbi üçin täze aktýor gözläp başlar. Deadline-yň maglumatlaryna görä, döredijiler täze hekaýatda içalynyň keşbi üçin “täze ýüz” gözleýär
26.09.2025 21:09
3.1k+
HBO Max «Ol: Derrä hoş geldiňiz» serialynyň elhenç treýlerini hödürledi
HBO Max-yň YouTube kanalynda Stiwen Kingiň romany esasynda surata düşürilen gorkuly franşizasynyň prikwel seriýasy — «Ol: Derrä hoş geldiňiz» atly serialyň treýleri çykdy. Onuň ilkinji görkezilişi platformada 26-njy oktýabrda bolar
26.09.2025 19:52
2.4k+
“Zalym: Baky” fentezi-mýuzikliniň ahyrky treýleri çykdy
Universal studiýasy “Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) mýuzikliniň ahyrky treýlerini görkezdi. Film geçen ýylky “Günbataryň jadygöýi barada ertekiniň” (Сказка о ведьме Запада) dowamy bolar we 21-nji noýabrda halkara prokata çykar
«
1
…
12
13
14
…
40
»
«
1
…
9
10
11
12
13
14
15
16
17
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.