Warner Bros. kinostudiýasy 2025-nji ýylda 4 milliard dollar girdeji gazandy

28.09.2025, 20:172,886

Warner Bros. şu ýyl dünýädäki kassa ýygymynda girdejisi 4 milliard dollardan geçen ilkinji Golliwud studiýasy boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Bu kompaniýanyň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji şeýle netijesidir. Warner Bros. ozal ABŞ-da ilkinji çykan dynç günlerinde ýedi filminiň hersi 40 million dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji studiýa hökmünde taryha girdi.
Studiýanyň 2025-nji ýylda çykaran filmleriniň hatarynda “Minecraft kinoda” (“Minecraft в кино”), “Günäliler” (“Грешники”), “Supermen”, “Formula-1”, “Ýarag” (“Орудия”), “Doga 4” (“Заклятие 4”) we başgalar bar.
Şu dynç günleri Warner Bros. ýene bir üstünlikli bolmagyna garaşylýan filmini çykardy, ol Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi janlandyrmagyndaky “Bir söweşden soň beýleki” (“Битва за битвой”) filmidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.