Kingiň “Uzak gezelenç” romanynyň film görnüşi 21-nji oktýabrda onlaýn çykar

07.10.2025, 16:353,883

“Uzak gezelenç” (Долгая прогулка) antiutopiýasy 21-nji oktýabrda sanly platformalarda çykar. Bu barada WhenToStream portaly we DVD’s Release Dates saýty habar berdi.

Film Stiwen Kingiň 1966-njy ýylda Riçard Bahman lakamy bilen çykaran romanyna esaslanýar. Ol ABŞ-da her ýyl geçirilýän ýaryş barada gürrüň berýär, onda ýüz ýetginjek 4 km/sag-dan pes bolmadyk tizlik bilen durmazdan ýöremeli. Badyny haýalladan gatnaşyjylar duýduryş alýar. Üç duýduryşdan soň gatnaşyjy göni ýolda atylýar. Ýeke-täk diri galan ýeňiji bolýar.
Filme Mark Hemill (“Ýyldyz söweşleri”), Dewid Jonsson (“Keseki: Romul”), Kuper Hoffman, Roman Griffin Dewis, Judi Grir we Çarli Plammer gatnaşdy. Filmiň kinoteatrlarda premýerasy 12-nji sentýabrda boldy.
The Times bilen söhbetdeşlikde King film düşürilende kitapdan agyr sahnalaryň saklanyp galmagyny isländigini gürrüň berdi. Şonuň üçin, ol filmiň ýowuz bolandygyny belledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.