Gawai adalarynyň iň işjeň wulkany 200 metr beýiklige lawa zyňdy
Gawai adalaryndaky Kilauea wulkany henizem atylmagyny dowam edýär. Ol 2024-nji ýylyň ahyrynda täzeden işjeňleşipdi. Wulkanyň täze işjeňlik tapgyry sişenbe güni, 25-nji martda başlady. Şonuň ertesi gün, wulkan 200 metrden hem belent beýiklige lawa zyňyp başlady diýip, «Associated Press» agentligi habar berýär