MIT-iň alymlary suw joşmalaryny we olaryň ýetirjek zyýanyny öňünden çaklamak üçin täze gural döretdiler

05.12.2024, 19:596,366

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) barlagçylary suw joşmalaryny we olaryň hakyky netijelerini öňünden çaklamak üçin innowasion tehnologiýa döretdiler.

Earth Intelligence Engine diýip atlandyrylýan bu gural tebigy betbagtçylyklaryň täsirine sezewar boljak sebitleriň hakyky şekillerini döretmek üçin emeli aňy we emeli hemralaryň düşüren suratlaryny ulanýar.
Emeli hemralaryň maglumatlaryna we tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykma ähtimallygynyň seljermesine esaslanyp, ulgam suw joşmalarynyň ýüze çykaýjak  ýerlerini çaklaýar we olaryň öz içine alyp biljek gerimine baha berýär.
Işläp düzüjiler “geljegiň şeýle suratlaryny” ýetjek zyýanyň öňüni alyş çärelerini has takyk meýilleşdirmekde ulanyp boljakdygyny öňe sürýärler.
Täze tehnologiýa operatiw gulluklara we tebigy betbagtçylyklaryň netijeleriniň öňüni almakda jogapkär ýolbaşçylar üçin peýdaly bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.