Hytaýyň Guançžou şäherine topuň ululygyndaky doly ýagdy

01.05.2024, 23:4432,104

Hytaýyň 13,8 million ilatly Guançžou şäherine topuň ululygyna barabar ölçegde doly ýagdy. Tebigy betbagtçylyk güýçli tupandan soň bolup geçdi diýip, Naked Science ýazýar.

Doly binalaryň penjirelerini döwdi, awtoulaglara zeper ýetirdi. Şemalyň tizligi sekuntda 20 metre ýetdi, ýol ugrunda onlarça agaç ýykyldy.
Habar berlişi ýaly, tebigy betbagtçylyk netijesinde 5 adam pida boldy, 34 adam dürli agyrlykda şikes aldy.
Doly şäheriň 140-dan gowrak senagat desgasyna zyýan ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.