Türkiýedäki ýertitreme bolup geçen meýdançada biri-birini tutup duran iki eliň suraty peýda boldy

22.12.2023, 17:3252,134

Dünýä belli fransuz-şweýsar suratkeş Giýom Legro Türkiýedäki zeýtun tokaýlygynda äpet surat çekdi. Eseri çekmek üçin fewral aýynda bolup geçen ýertitremeler zerarly zyýan çeken meýdanyň bir bölegi peýdalanyldy.

Suratkeş biri-birini tutup duran iki eli şekillendirip, ýer gabygynyň hereketleri bilen bölünen düzlügi «birleşdirmek» kararyna geldi. Ak-gara reňkde çekilen suratyň meýdany, takmynan, 700 inedördül metre deňdir – ony tutuşlygyna diňe guşuçar belentlikden synlamak mümkin. Suraty döretmek üçin düzüminde kömür we hek bolan biodegrirlenip bilinýän boýag ulanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.