Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
17.09.2025 17:21
4.6k+
Türkmenistan we Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça geňeşmeleri geçirdi
16-njy sentýabrda Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy
17.09.2025 16:31
6.6k+
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze Bagtly zamana obasynyň açylyşy bolýar
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag iberdi. "Sizi Halkara parahatçylyk
17.09.2025 12:09
6.4k+
NesilCoffee tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär
Diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň iri kofe we kofe önümlerini öndürijileriň biri bolan NesilCoffee kompaniýasy tagamlaryň giň toplumyny hödürleýär. 2017-nji ýylda esaslandyrylan NesilCoffee brendi bu günki gün kofe bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär
16.09.2025 20:33
2.8k+
Raşid Meredow Bahreýniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
16.09.2025 20:29
2.3k+
Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar
16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar
16.09.2025 20:14
2k+
Türkmenistan we ÝUNFPA täze ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi
16.09.2025 19:16
7.9k+
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy
Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy
16.09.2025 19:09
9.1k+
Koreýanyň ilçihanasy türkmen raýatlary üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi
Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawr maksatnamasyna iki orun berilýär
16.09.2025 19:02
2.1k+
Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
16.09.2025 18:56
1.5k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bahreýniň täze ilçisini kabul etdi
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
16.09.2025 18:23
4.8k+
Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi
14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda “Kitap – ýeňşiň açary” ady bilen kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy diýip, guramaçylar habar berdi
16.09.2025 11:59
6.3k+
Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy
15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi
16.09.2025 11:55
5.6k+
Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy
14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy
16.09.2025 11:24
1.7k+
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 10,4 mln dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen
16.09.2025 10:28
1.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
15.09.2025 21:59
21k+
Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady
Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze Yutong ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Kondisioner ulgamy bolan 12 metrlik üç gapyly ulag serişdeleri paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara kadaly hyzmat etmäge girişdiler
15.09.2025 18:46
26k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär
15.09.2025 17:42
6.5k+
Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriniň 9-njy synplary üçin iki sany täze — «Koreý dili» we «Ýapon dili» okuw kitaplary neşir edildi. Bu işe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde badalga berildi diýip, Bilim ministrliginde habar berdiler
15.09.2025 17:35
2.7k+
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Astanada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
9–12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Astana şäherinde boldy. Saparyň
15.09.2025 12:25
3.8k+
Daşkentde Merkezi Aziýanyň Adalatçylarynyň çagalaryň hukuklary boýunça maslahaty geçirildi
11-12-nji sentýabrda Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada çagalaryň hukuklaryny goramagyň mehanizmlerini pugtalandyrmagyň derwaýys meseleleri: Çaganyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy” atly halkara forum geçirildi
15.09.2025 12:12
36k+
Londonyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar
Londonda programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Junius Tech” türkmen okuwçysynyň döreden programmasy bilen gyzyklanýar. 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil Bilim” merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň programmirleme kurslarynyň diňleýjisi Begenç Annaorazow - Screen Guard (Ekran Goraýjysy) atly mobil goşundysyny döretdi
15.09.2025 11:48
9.8k+
Türkmenistan Azerbaýjanda guruljak metjidiň taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak üçin kotirowka görnüşde bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi
15.09.2025 11:43
4k+
Aşgabatda "Zümerret zergärçilik önümleri" binasynda abatlaýyş işleri geçiriler
Türkmenistanyň Merkezi banky «Zümerret zergärçilik önümleri» zergärçilik dükanynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bina Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýär
15.09.2025 10:31
9.1k+
Raşid Meredow Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy
14-nji sentýabrda Dohada Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň paýtagtynda duşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi diýip, Orient habar berýär
15.09.2025 09:07
4.9k+
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13-nji sentýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar
15.09.2025 08:58
9.3k+
Az-kem ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.09 - 21.09)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar
14.09.2025 23:57
12k+
Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi açyldy
13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi
14.09.2025 21:33
13k+
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýewropanyň iň beýik nokadyna galdyryldy
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri Ýewropanyň iň beýik depeleri bolan Elbrus dagynyň günbatar we gündogar belentliklerine çykdylar. Bu belentliklerde alpinistler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar
13.09.2025 18:02
6.7k+
Türkmen karateçileri Hytaýda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar
Türkmenistanly karateçiler 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen 23-nji Aziýa çempionatynda iki sany bürünç medal gazandylar. Ýaryş Hytaýyň Guandun welaýatynyň şäher etrabynda geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron neşiri habar berýär
13.09.2025 17:49
4.7k+
Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji kitaphananyň açylmagynyň 130 ýyllygy bellenilip geçildi
Aşgabatda ýurdumyzda ilkinji kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygy bellenildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilip, kitap muşdaklaryny, kitaphana işgärlerini we medeniýet işgärlerini jemledi
13.09.2025 17:43
13k+
Türkmenistan "Gudrat" we "Jahan" gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy «JAHAN» buksir gämisinde düýpli bejeriş işlerini geçirmek we zerur ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de enjamlary satyn almak boýunça, şeýle hem «Gudrat» gämisine degişli ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi
13.09.2025 17:21
6.8k+
Türkmen türgenleri Gresiýada geçirilýän jiu-jitsu boýunça çempionatda 8 altyn medal gazandylar
Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysy 11–14-nji sentýabr aralygynda Afinada geçirilýän 20-nji Balkan açyk çempionatynda uly üstünlik gazandylar. Ilkinji iki bäsleşik gününde milli ýygyndymyz 21 medal – 8 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldy
13.09.2025 16:55
5.6k+
Aşgabatda «Jahan» döredijilik merkeziniň gurluşyk işlerini boýunça bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkezinde tehniki tabşyryga laýyklykda gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin kotirowka görnüşde bäsleşik yglan edýär
13.09.2025 16:47
5.5k+
ABŞ-da 16,5 müň sözli iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Makul English-Turkmen Dictionary» atly kitap çap edildi. Neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Sözlük eýýäm Amazon platformasynda satyn almak üçin elýeterlidir
13.09.2025 16:39
2.9k+
Aşgabatda oktýabrda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler
10–12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Çäreleriň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär
13.09.2025 16:31
4.4k+
TIF 2025: John Deere - baş hemaýatkär, Daewoo E&C — premýer-hyzmatdaş boldy
“John Deere” amerikan korporasiýasy Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025-iň baş hemaýatkäri, Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction (Daewoo E&C) kompaniýasy bolsa premýer hyzmatdaşy boldy. 1837-nji ýylda döredilen John Deere, oba hojalyk, gurluşyk we tokaý tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir
13.09.2025 16:22
1.7k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde garaýyşlaryny beýan etdi
11-nji sentýabrda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi
13.09.2025 12:47
2.7k+
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty öz işine başlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň "agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýandygyny" aýtdy
13.09.2025 10:11
6.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan Karara gol çekdi
13.09.2025 08:54
17k+
Serdar Berdimuhamedow Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy
12-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy. Döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçar arkaly Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna bardy
«
1
…
39
40
41
…
160
»
«
1
…
36
37
38
39
40
41
42
43
44
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.