Raşid Meredow Bahreýniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

16.09.2025, 15:332,853

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem köpugurly halkara platformalarynyň çäklerindäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.