Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany öz hatynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň goldanyljakdygyny belledi.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna we iki ýurduň hem halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Frank-Walter Ştaýnmaýere we Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy bolan German bitewüliginiň güni (Tag der Deutschen Einheit) 3-nji oktýabrda, Gündogar Berliniň we Germaniýa Demokratik Respublikasynyň (GDR) Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) düzümine giren güni bellenilýär. Günbatar we Gündogar Germaniýanyň birleşmegi 1990-njy ýylda bolup geçdi.