Türkmenistan elektroenergiýanyň eksportyny giňelder: Hazar üsti bilen Kawkaza we Türkiýä

Şu gün, 07:071,922

Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2026) energetika ministri Annageldi Saparow elektroenergetikany döwrebaplaşdyrmak we ýurduň eksport ugurlaryny giňeltmek meýilnamalary barada çykyş etdi.

Onuň aýtmagyna görä, Hazar deňziniň kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrik stansiýasy Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaz ýurtlaryna we Türkiýä elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer.

Saparow Türkmenistanyň energetika ulgamynyň häzirki günde umumy bellenilen kuwwatlylygy 7000 MWt töweregi bolan 12 sany elektrik stansiýasyny öz içine alýandygyny aýtdy. Bu görkeziji ýurduň içki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge ýetýär we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2023-nji ýylda başlandy. Şonda taslama maýa goýum maksatnamasynyň çäklerinde tassyklanyp, elektroenergetikanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşdyrylypdy.

Şeýle hem forumda ministr ýaşyl energetika ulgamynda ilkinji amaly taslamanyň — Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan gibrid gün-ýel elektrik stansiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada habar berdi.

Saparowyň aýtmagyna görä, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. «Ahal — Mary» we «Balkan — Daşoguz» ugurlary boýunça täze elektrik geçirijileri we kiçi stansiýalar bolsa ýurduň bitewi halkalaýyn energiýa ulgamynyň emele gelmegini üpjün etdi.

Ministr pudaga sanly dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, onuň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we eksport ugurlaryny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri boýunça Ýewropadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan we Koreýa Respublikasyndan bolan maýadarlar hem-de kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny nygtady.