Aşgabatda «mawy» ýangyjy «ýaşyl» etmegiň ýollary maslahatlaşylýar

Düýn, 19:422,236

1-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara standartlaryň we kadalaryň synyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyk Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029 ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde guraldy.

Çäre ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we ony halkara tejribelere, şol sanda energetika pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝB Düzgünnamasyna laýyklykda ösdürmek maksady bilen geçirildi. Bu ugurda analitiki çemeleşmäni ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hukuk we tehniki hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşyk dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini Türkmenistanyň milli şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin takyk usuly binýady emele getirmäge mümkinçilik berdi.