Emomali Rahmon 74 ýaşady: Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentine gutlag iberdi

Şu gün, 10:10616

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz hatynda Täjigistanyň gazanýan üstünliklerini we Prezident Emomali Rahmonyň alyp barýan parasatly syýasatyny aýratyn belledi.

«Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasy öz halkara abraýyny ynamly pugtalandyrýar, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu işlerde Siziň baý döwlet tejribäňiz, parasatly ýolbaşçylygyňyz, şeýle hem täjik halkynyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryňyz aýratyn ähmiýete eýedir» — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, Emomali Rahmona berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Şu gün Emomali Rahmon özüniň 74 ýaşyny belleýär. Ol 1994-nji ýyldan bäri Täjigistanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirip gelýär. 1992-nji ýyldan bäri Rahmon ýurduň Halk-demokratik partiýasynyň hem başlygydyr.