Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
12.12.2025 13:00
4.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady
12.12.2025 12:48
3.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 11:57
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 11:09
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara
12.12.2025 11:01
2.5k+
Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy
12.12.2025 10:56
2.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy
12.12.2025 09:45
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady
Şu gün - 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady
12.12.2025 01:44
5.5k+
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar
12.12.2025 01:31
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow Yragyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär
12.12.2025 01:24
4.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we “Daewoo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co
11.12.2025 22:30
6.8k+
Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi
Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamasy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada gutarnykly çözgüt 11-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi
11.12.2025 22:24
12k+
Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
Şu gün Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Dabaralara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetler gatnaşdy
11.12.2025 22:20
13k+
Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler
Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşyjylary kabul edýär. Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp sanly ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanlary gelýär
11.12.2025 17:25
1.9k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy
10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
11.12.2025 17:14
3.7k+
Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu teklibe 8-13-nji dekabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde serediler
11.12.2025 17:03
1.5k+
Türkmenistanyň DIM-nde Monakonyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi
11.12.2025 16:49
3k+
Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
11.12.2025 16:32
9.1k+
Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
11.12.2025 16:20
4.3k+
Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi
11.12.2025 10:19
3.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär
11.12.2025 10:16
4.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
11.12.2025 10:03
5.7k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder
10.12.2025 11:14
3k+
Aşgabatda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
10.12.2025 11:11
12k+
Türkmenistanda ýarganatlaryň soňky gezek 55 ýyl mundan ozal göze ilen seýrek görnüşi tapyldy
Germaniýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekillerinden ybarat halkara alymlar topary Berliniň Tebigaty öwreniş muzeýiniň (Museum für Naturkunde Berlin) ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garagum sährasynda 50 ýyldan gowrak wagt bäri gabat gelmedik jandar — uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň (Plecotus turkmenicus) ýaşaýandygyny anyklady
10.12.2025 10:57
12k+
Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy
10.12.2025 10:49
3.8k+
Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar
Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar
10.12.2025 10:44
1k+
Latwiýanyň täze ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýanyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ilçi diplomatik işini Daşkent şäherinde oturýan ýerinden alyp barar
10.12.2025 10:38
6.8k+
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana sapar bilen geler
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana saparlary amala aşyrar. Eýranyň MNA agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagai aýtdy
10.12.2025 10:31
3.4k+
Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy
Awazada küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry tamamlandy. Oňa 138 adam gatnaşdy. Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi
10.12.2025 10:00
2.2k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk günlerinde şowhunly çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 11-nji dekabrda sagat 19:00-da we 14
10.12.2025 09:44
2.5k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler
Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir
10.12.2025 09:30
208k+
“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär
Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň
10.12.2025 06:39
16k+
Oguljahan Atabaýewa Awazada Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy
9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy
10.12.2025 06:35
7.3k+
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy
9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär
09.12.2025 14:39
11k+
Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň mejlisinde migrasiýa meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdi
Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM/MHG) Geňeşiniň 8-nji dekabrda Ženewada açylan 116-njy mejlisinde halkara migrasiýasynyň wajyp meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlis 10-njy dekabra çenli dowam eder
09.12.2025 12:47
8.5k+
Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara sapary amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy
09.12.2025 10:33
12k+
Gyşyň uly çille döwri başlandy: ol kyrk günläp dowam eder
8-nji dekabrdan gyşyň garagyş döwri tamamlanyp, uly çille döwri başlandy. Ol 17-nji ýanwara çenli dowam eder. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz...» diýýän türkmen uly çilläniň dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmagy ündeýär
09.12.2025 10:21
6.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy
8-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy
08.12.2025 15:00
3.4k+
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar
08.12.2025 14:29
7.9k+
DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
«
1
…
21
22
23
…
160
»
«
1
…
18
19
20
21
22
23
24
25
26
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.