Syýahatçylyk

77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy
06.07.2025 20:05
16k+

77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy

Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi
Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy
04.07.2025 12:09
21k+

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar
21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy
04.07.2025 12:05
12k+

21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär
Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi
30.06.2025 19:24
7.3k+

Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi

Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady
Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy
25.06.2025 16:32
11k+

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär
Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär
24.06.2025 18:48
8.8k+

Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär
Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar
21.06.2025 18:23
12k+

Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar

Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär. Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär
Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar
20.06.2025 17:33
2.2k+

Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar

Netflix akym hyzmaty ilkinji Netflix House dynç alyş toplumlarynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda açyljakdygyny habar berdi. Bu barada The Verge ýazýar. Toplumlar öňki söwda merkezleriniň binalarynda açylar. Olaryň biri Filadelfiýadaky King of Prussia Mall-da, ikinjisi Dallasdaky Galleria Dallas-da ýerleşer
Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi
19.06.2025 11:18
7.1k+

Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi

Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär
Qatar Airways - dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy. Singapore Airlines-iň bolsa iň gowy ekipažy bar
18.06.2025 14:09
8.6k+

Qatar Airways - dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy. Singapore Airlines-iň bolsa iň gowy ekipažy bar

Qatar Airways World Airline Awards-yň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dokuzynjy gezek öňdeligi eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Halkara awiakosmos sergisiniň çäginde Parižde geçirildi
Dubaýda beýikligi 445 metr bolan goşa ýaşaýyş diňi gurlar
17.06.2025 19:24
10k+

Dubaýda beýikligi 445 metr bolan goşa ýaşaýyş diňi gurlar

Deyaar Development kompaniýasy Dubaýda täze Downtown Residences ýaşaýyş toplumynyň taslamasyny hödürledi. Onuň beýikligi 445 metre barabar bolar diýip, New Atlas habar berýär. Taslamany Business Bay sebitinde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär
Ýewropada dünýäniň iň gadymy restorany diýlip atlandyrylmak hukugy üçin jedel gidýär
15.06.2025 12:44
6.9k+

Ýewropada dünýäniň iň gadymy restorany diýlip atlandyrylmak hukugy üçin jedel gidýär

Madridiň Sobrino de Botin restorany 1987-nji ýyldan bäri dünýäde iň gadymy restoran hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär. Ol 1725-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ýöne bu titul ugrunda şäheriň eteginde ýerleşýän Casa Pedro tawernasy hem göreşýär diýip, Independent habar berýär
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
10.06.2025 22:07
3.6k+

Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi
05.06.2025 10:20
7.3k+

Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi

Stambulda ýolagçy akymy boýunça ikinji orny eýeleýän Sabiha Gýokçen howa menzili bir günde gatnawlaryň rekord sanyna hyzmat etdi. Bu barada howa duralgasynyň administrasiýasy habar berdi. Habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda howa menziliniň üsti bilen 784 gatnaw amala aşyryldy – bu onuň taryhynda iň ýokary görkezijidir
Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär
04.06.2025 15:35
16k+

Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär

2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär
Müsüriň çölünde Jirian ady bilen täze şäher gurlar
03.06.2025 17:13
7.9k+

Müsüriň çölünde Jirian ady bilen täze şäher gurlar

Müsüriň häkimiýeti Jirian ady bilen täze şäheriň gurluşygynyň başlanandygyny mälim etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Şäher çölde, Kairden 42 km günbatarda, 6,8 mln inedördül metr meýdanda ýerleşer. Jirian meýdany 2,28 mln akr bolan has uly “Täze delta” oba hojalyk taslamasynyň bir bölegi bolar
Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi
01.06.2025 19:29
3.6k+

Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir
Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär
31.05.2025 11:06
12k+

Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär

Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär. 2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär
“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025” bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda HKS-den alnan surat hem bar
27.05.2025 12:52
6k+

“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025” bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda HKS-den alnan surat hem bar

Syýahat we başdangeçirmeler hakyndaky Capture Atlas blogy her ýyl geçirilýän sekizinji Milky Way Photographer of the Year 2025 (“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025”) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl bäsleşige 6000-den gowrak ýüz tutma gelip gowuşdy
Alp daglarynda 3D printerde çap edilen dünýäde iň beýik bina peýda boldy
26.05.2025 21:52
5.7k+

Alp daglarynda 3D printerde çap edilen dünýäde iň beýik bina peýda boldy

Şweýsariýanyň Alp daglaryndaky Mulengs obasynda 3D printerde çap edilen bina guruldy. Onuň beýikligi 30 metre barabar. Bu 3D çap tehnologiýasynyň kömegi bilen döredilen dünýäde iň beýik binadyr diýip, Designboom habar berýär
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
25.05.2025 10:46
10k+

Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar

Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler
“Mukaddes Behişt Ýoly” HK umra zyýaratyny gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär
23.05.2025 19:27
12k+

“Mukaddes Behişt Ýoly” HK umra zyýaratyny gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär

Mümkinçiligi bolan her bir musulmanyň umra zyýaratyny amala aşyrmagy sogaply amallardan hasaplanylýar. Mukaddes Käbäniň daşyndan 7 gezek aýlanmak, makamy Ibrahimde namaz okamak, Zem-zem suwundan ine-gana içmek
Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy
22.05.2025 20:45
6.6k+

Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy

Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär
20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi
22.05.2025 00:31
12k+

20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi. Awtobus Aşgabatdan (A
"Türkmenhowaýollary" 19-nji maýdan Türkmenbaşy şäherine gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar
18.05.2025 13:56
18k+

"Türkmenhowaýollary" 19-nji maýdan Türkmenbaşy şäherine gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan ähli uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar. Wagtlaýyn togtadyljak ugurlar: Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat Mary – Türkmenbaşy – Mary Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz Resmi turkmenistanairlines
Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine howp salýar
14.05.2025 11:19
9.6k+

Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine howp salýar

Kenarýakada ýerleşýän Erdek şäherinde Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine zyýan ýetirip biler. Bu barada ýerli metbugat habar berýär. Syýahatçylaryň we ýaşaýjylaryň “himiki suwoty” diýip atlandyrýan deňiz sülekeýi alymlary alada goýýar
Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi
14.05.2025 10:30
5.9k+

Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi

Italian Sea Group gämi gurluşyk kompaniýasy Giorgio Armani moda öýi bilen bilelikde döredilen ilkinji Admiral Armani mega-gämisini suwa goýberdi. 72 metrlik gäminiň konsepti iki ýyl ozal hödürlenipdi diýip, Sail-World ýazýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar
13.05.2025 10:53
14k+

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmazdan we howpsuzlyk kemerleriniň çyrasy öçürilmezden öň ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada «Akdeniz Gerçek» neşiri habar berýär. Täze düzgünler Türkiýäniň Baş raýat awiasiýasy müdirligi (SHGM) tarapyndan çap edilen görkezmede beýan edilýär
Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar
12.05.2025 07:15
6k+

Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar

The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär
«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy
09.05.2025 12:31
5.9k+

«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy

«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy
Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi
08.05.2025 16:57
20k+

Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar
15-nji maýdan başlap her gün Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobuslar gatnap başlar
07.05.2025 15:34
118k+

15-nji maýdan başlap her gün Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobuslar gatnap başlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 15-nji maýdan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Bu ugur boýunça awtobuslar her gün Aşgabat şäheriniň Halkara awtomenzilden (A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýär) sagat 06:00-da we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4-gatly 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da yzyna ugraýar
Dünýäniň iň uly elektrogämisi Awstraliýada suwa goýberildi
04.05.2025 19:52
8.9k+

Dünýäniň iň uly elektrogämisi Awstraliýada suwa goýberildi

Awstraliýanyň Hobart şäheriniň portunda öndürijisi tarapyndan dünýäniň iň uly elektrogämisi diýlip atlandyrylýan gämi suwa goýberildi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, gäminiň uzynlygy 130 metr. Incat kompaniýasy tarapyndan gurlan gämi «Hull 096» diýlip atlandyryldy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy
04.05.2025 02:39
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýasynyň saýtynda habar berilýär. Täze gatnaw ugry halkara gatnawlarynyň giňeldilmegine we Türkmenistanyň Günorta Koreýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna gönükdirilendir
Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi
02.05.2025 17:54
24k+

Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Tailanda syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin Tailandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplar güýje girdi. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar beripdi
Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär
02.05.2025 13:05
17k+

Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär

Saud Arabystany 10-njy iýuna çenli dowam etjek haj döwründe musulmanlar üçin mukaddes ýerlere – Mekgä we Medinä barmagyň täze düzgünleri barada habar berdi. Indi giriş diňe ýörite haj wizasy bilen mümkindir. Ýurduň Içeri işler ministrligi ygtyýarnamasyz haj parzyny ýerine ýetirmek synanyşygy üçin 20 000 saud rialyna (takmynan, 5 300 dollar) çenli jerimäniň göz öňünde tutulandygyny duýdurýar
Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez
01.05.2025 20:08
4.8k+

Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez

Nepal Ewereste çykýan alpinistleriň sanyny çäklendirer. Indi çykmak üçin ygtyýarnamany diňe ozal ýurduň 7 müň metr beýiklikdäki daglarynyň, iň bolmanda, birine çykan alpinistler alyp biler. Bu çözgüt dünýäniň iň beýik dagynda howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi
Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar
01.05.2025 13:04
10k+

Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar

Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär
Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi
30.04.2025 14:08
15k+

Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi

Ýaponiýada ýaşaýan 27 ýaşly hytaýly talyp 4 günüň dowamynda Fudzi dagynyň gerşlerinden iki gezek halas edildi. Ýaş ýigit ýitiren smartfonyny gözläp, daga dolanyp barypdyr diýip, «BBC» habar berýär. Ilkinji gezek 22-nji aprelde ony dagyň, takmynan, 3000 metr belentligindäki ýodadan dikuçar bilen alyp gaýtdylar
Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär
27.04.2025 12:20
11k+

Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär

Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär