Syýahat we başdangeçirmeler hakyndaky Capture Atlas blogy her ýyl geçirilýän sekizinji Milky Way Photographer of the Year 2025 (“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025”) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
Bu ýyl bäsleşige 6000-den gowrak ýüz tutma gelip gowuşdy. Ilkinji gezek ýeňijileriň arasyna Halkara kosmos stansiýasyndan alnan surat hem düşdi. Suraty NASA-nyň kosmonawty, inžener-himik Donald Roý Pettit aldy, ol ylmy synaglary çeper suratçylyk bilen utgaşdyrýar. Ol, köplenç, kosmos hadysalarynyň HKS-dan surata düşürilen täsin görnüşleri bilen dünýäni geň galdyrýar.
Bäsleşigiň ýeňijileri:

Dobraç tebigat seýilgähi, Awstriýa / © Uroş Fink

Hehuan dagynyň garaňky asman seýilgähi, Taýwan / © Itan Su

Tekapo köli, Täze Zelandiýa / © Maks Inwud

Ennedi platosy, Çad / © Wikas Çander

Otago sebiti, Günorta ada, Täze Zelandiýa / © Kawan Çaý

Kaliforniýa, ABŞ; Suratda C / 2023 A3 kometasy hem görkezilýär/ © Sinýan Saý

Wulkan Akatenango, Gwatemala / © Serhio Montufar

Alabama Hillz, Kaliforniýa, ABŞ / © Maýk Abramýan

San-Pedro-de-Atakama, Çili / © Pablo Ruis

Matterhornyň depesindäki Akmaýanyň ýolunyň goşa arkasy Sermatt, Şweýsariýa / © Anhel Fuks

Cerro-Tololo obserwatoriýasy, Çili / © Brent Martin

Akmaýanyň ýolunyň HKS-yň bortundan alnan suraty / © NASA-nyň astronawty Don Pettit
Bäsleşik her ýyl geçirilýär we Akmaýanyň ýolunyň planetanyň dürli künjeklerinden we şu ýyl, görnüşi ýaly, hatda onuň çäginden daşardan hem alnan iň gowy şekillerine bagyşlanýar.