Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy

25.06.2025, 11:3211,839

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär.

Täze gatnaw Aşgabatdan 06:30-da Halkara awtomenzilinden (A. Nyýazow şaýoly, 422) ugraýar, Awazadan bolsa 13:30-da («Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan) yzyna gaýdýar.
Ozal awtobuslaryň gatnawy günde bir gezek amala aşyrylýardy.

Biletiň bahasy 75 manat bolar.
Habarlaşmak üçin:
Telefonlar: 44-35-30; 44-35-20
Saýt: www.auh.com.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.