"Türkmenhowaýollary" 19-nji maýdan Türkmenbaşy şäherine gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar

18.05.2025, 08:5618,384

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan ähli uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar.

Wagtlaýyn togtadyljak ugurlar:

  • Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat
  • Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat
  • Mary – Türkmenbaşy – Mary
  • Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz

Resmi turkmenistanairlines.tm saýtynyň habar bermegine görä, bu ugurlara derek gatnawlar Türkmenbaşy şäheriniň ýerine Balkanabat şäheriniň halkara howa menziline ýerine ýetiriler:

  • Aşgabat – Balkanabat – Aşgabat
  • Türkmenabat – Balkanabat – Türkmenabat
  • Mary – Balkanabat – Mary
  • Daşoguz – Balkanabat – Daşoguz

Öňden satyn alnan awiabiletleri bolan ýolagçylar bileti doly yzyna gaýtaryp ýa-da Balkanabat howa menziliniň üsti bilen täze ugurlar boýunça mugt çalşyp bilerler. Munuň üçin ýurduň islendik bilet kassasyna ýüz tutup ýa-da bileti onlaýn satyn alan ýagdaýynda kompaniýanyň resmi sahypasy arkaly gaýtadan bellik edip bolýar.
Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.