Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
30.10.2025 10:43
4.8k+
Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy
Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar
29.10.2025 17:53
3.8k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy
29.10.2025 17:13
7.6k+
8-nji noýabrda Türkmenistanda giň gerimli ekologik çäresi geçiriler
8-nji noýabrda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Bu giň gerimli ekologik çäräniň dowamynda türkmen arçasynyň nahallarynyň hem oturdylmagy meýilleşdirilýär. Çäräniň guramaçylary
29.10.2025 11:17
8.1k+
Saud Arabystany “Guryýer köprüsi” atly ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlaýar
Saud Arabystany 7 milliard dollarlyk ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlady. Ol Gyzyl deňzi Pars aýlagy bilen birleşdirer we ýurduň iň iri şäherlerini birleşdirmegi, şeýle hem Arap ýarym adasynda ulag we söwdany döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär
29.10.2025 10:29
3.4k+
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
29.10.2025 09:21
1.6k+
Airbus, Leonardo we Thales SpaceX bilen bäsleşmek üçin bilelikde täze kosmos kompaniýasyny döredýärler
Airbus, Leonardo we Thales kompaniýalary özleriniň kosmos bilen bagly bölümlerini birleşdirmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler. Bu ädim Ýewropanyň kosmos bazaryndaky ornuny güýçlendirmäge, aýratyn-da häzirki wagtda bu pudakda agalyk edýän SpaceX bilen bäsleşmäge gönükdirilendir
28.10.2025 19:11
3.9k+
Amazon 600 müň işçini robotlar bilen çalyşmagy meýilleşdirýär
Amazon kompaniýasy 2033-nji ýyla çenli takmynan 600 müň işçini robot ulgamlary bilen çalyşmagy meýilleşdirýär diýip, The New York Times habar berýär. Kompaniýa birnäçe ýyl bäri ammarlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary ulanýar, ýöne indi bu ulgamlaryň ulanylyşyny has giňeltmegi göz öňünde tutulýar
28.10.2025 12:16
2k+
Serdar Berdimuhamedow Çehiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet
28.10.2025 11:57
5.5k+
Moskwada howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi
27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
28.10.2025 11:52
3.6k+
Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory bilen duşuşdy
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýanku bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilien duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy
28.10.2025 11:28
14k+
Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy C5+1 sammitine gatnaşmak üçin çagyrdy. Çakylygyň teksti metbugatda çap edildi. "Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
28.10.2025 07:05
3.5k+
Garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli Irlandiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy
Irlandiýa Respublikasynyň prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, Reuters habar berýär. Ol saýlawçylaryň 63,4% sesini toplady. Ikinji orny 29,5% ses bilen ýurduň öňki premýer-ministri, sagçy “Fine Gael” partiýasynyň wekili Heýzer Hamfris eýeledi
27.10.2025 20:56
6k+
Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler
24-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
27.10.2025 20:47
2.9k+
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar
27.10.2025 15:10
2k+
Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Belleni Awstriýanyň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlagda
27.10.2025 15:03
4.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň we forumlaryň sanawyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi
27.10.2025 14:58
2.5k+
Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
Italiýada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň
26.10.2025 23:57
4.3k+
Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi
26.10.2025 11:07
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy
Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir
26.10.2025 10:55
6.1k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň
26.10.2025 09:03
4.7k+
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi
24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy
25.10.2025 15:25
2.3k+
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar barada makalalar berilýär
25.10.2025 15:12
2.1k+
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça Komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Duan Çunhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi
25.10.2025 15:07
6.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, alabaý itleriniň janköýerlerini we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlarynyň tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedigini belläp geçýär
25.10.2025 15:00
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär
25.10.2025 12:11
11k+
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça Owganystana türkmen gazyny 2027-nji ýylyň başynda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy
25.10.2025 09:51
5.5k+
Rimde “Kwirinale” köşgünde Türkmenistanyň we Italiýanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
24-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň barşynda Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy
25.10.2025 09:43
7.6k+
Serdar Berdimuhamedow Rimde näbelli esgeriň guburyna gül goýdy
24-nji oktýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Italiýanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar
25.10.2025 09:37
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygyna baryp gördi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar
25.10.2025 09:31
8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginine nägilelik bildirdi
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyryp, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleriň barşy bilen tanyşdy
25.10.2025 08:45
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda iş maslahatyny geçirdi
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Bu
25.10.2025 07:36
4.2k+
Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky ilçi hökmünde wezipesine girişdi
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy
25.10.2025 07:28
2.7k+
Raşid Meredow 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumynda çykyş etdi
22-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine
25.10.2025 07:22
1.6k+
Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygy bellenildi we hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli
24.10.2025 22:08
2k+
Raşid Meredow Bahreýniň hem-de Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
24.10.2025 11:44
6k+
Türkmenbaşyda Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahaty geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde bu baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy
24.10.2025 11:30
1.6k+
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi
24.10.2025 11:08
5k+
Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler
24.10.2025 11:01
4.8k+
Balkanabatda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçiriler
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N
24.10.2025 10:57
6.1k+
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi, halkara ylmy maslahat we halkara bäsleşik geçiriler
Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler. 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew baýram mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi
«
1
…
28
29
30
…
260
»
«
1
…
25
26
27
28
29
30
31
32
33
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.