Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

27.10.2025, 15:472,874

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar. 
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, flanel matalar,  buýan köküniň ekstrakty we pagta önümleriniň arassalanylan galyndylary ýerlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.