Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Gün
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Gün
26.01.2026 15:29
7.6k+
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar
24.01.2026 15:54
3.9k+
Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi
Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi
23.01.2026 15:37
2.4k+
Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler
Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi. Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi
22.01.2026 23:01
4.5k+
Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi
Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy
20.01.2026 23:00
3.5k+
Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady
Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
19.01.2026 15:18
8.5k+
20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar
20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
16.01.2026 16:56
5k+
Ilkinji gezek energiýa uçup barýan uçardan şöhle görnüşinde Ýerdäki Gün panellerine geçirildi
Overwiew Energy startapy ilkinji gezek uçup barýan uçardan energiýany Ýerdäki adaty Gün panellerine simsiz geçirip bildi. Synag geljekde energiýanyň kosmosdan Ýere iberilmeginde uly ädim hasaplanýar. Kompaniýa pes kuwwatly we giň infragyzyl şöhläni ulandy
16.01.2026 15:42
2.4k+
Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler
Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär
15.01.2026 15:32
5.7k+
Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi
2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di
27.12.2025 20:51
4.5k+
2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi
2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
22.12.2025 14:44
3.9k+
NASA Günüň ýüzündäki plazma partlamasynyň iň jikme-jik kadrlaryny çap etdi
NASA-nyň Parker Solar Probe apparaty Günüň ýüzünden zyňylýan Gün maddasynyň şu wagta çenli iň aýdyň suratlaryny almagy başardy. Suratlarda gyzgyn plazmanyň bir böleginiň partlamadan soň kosmosa gitmän, tersine, yzyna öwrülip, ýyldyza tarap "U-öwrümini" amala aşyrýandygy görünýär
18.12.2025 22:07
2.9k+
Arheologlar Müsürde 4400 ýyllyk Gün ybadathanasyny tapdy
Kairiň golaýyndaky Abusir nekropolynda ýaşy, takmynan, 4400 ýyl bolan Gadymy Müsüriň Gün ybadathanasynyň harabalygy tapyldy. Bu ybadathana, çen bilen, b.e.öň 2420-nji ýyldan 2389-njy ýyl aralygynda V nesilşalygyň döwründe dolandyran faraon Niuserrä degişli bolupdyr
17.12.2025 11:16
2.7k+
Astronomlar ilkinji gezek Günüň daşky serhediniň kartasyny çyzdylar
Astronomlar ilkinji gezek Günüň atmosferasynyň daşky serhediniň — Alwen üsti (Alfvén surface) hökmünde tanalýan zolagyň yzygiderli iki ölçegli kartasyny düzdüler. Bu serhet Gün şemalynyň magnit tolkunlarynyň tizliklerinden geçip, yzyna dolanmaz ýaly Günüň täsirinden çykýan we planetalarara giňişlige ýaýraýan sebitidir
10.12.2025 09:53
6k+
7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda planetalaryň ýörişi bolar: Gün, Wenera we Mars bir hatara diýen ýaly düzüler, olaryň arasyndaky burç aralygy bolsa bir gradusa çenli azalar. Bu astronomik hadysanyň indiki gezek diňe XXIII asyrda gaýtalanmagyna garaşylýar diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi
01.12.2025 17:28
7.8k+
Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamalarynyň biri hasaba alyndy
Günde şu ýylda iň güýçli alawlamalaryň biri hasaba alyndy, onuň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 7:49-da boldy. Bu barada “FOBOS” howa merkeziniň hünärmeni Mihail Leus habar berdi. Ir ertir Günde X derejeli güýçli alawlama hasaba alyndy diýip, Mihail Leus öz Telegram kanalynda ýazdy
20.11.2025 13:58
13k+
Astrosuratçy Günüň fonunda aşak gaçyp barýan adamyň suratyny düşürdi
Amerikaly astrosuratçy Endrýu MakKarti Günüň fonunda paraşýutçynyň ajaýyp suratyny düşürdi we wideony öz Instagram sahypasynda ýerleşdirdi. Suratyň ady "Ikaryň Aşak Gaçyşy" diýlip atlandyryldy. MakKartiniň aýtmagyna görä, suraty almak üçin uzak wagtlyk taýýarlyk we takyk hasaplamalar zerur boldy
15.11.2025 14:55
6.7k+
2025-nji ýyl magnit tupanlarynyň sany boýunça rekorda golaýlaýar
2025-nji ýyl soňky onýyllykda güýçli magnit tupanlarynyň sany boýunça rekordly bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
12.11.2025 00:21
6k+
Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy
11-nji noýabrda Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamasy bolup geçdi. Onuň güýçlüligi X5.1 diýlip hasaplanýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
09.11.2025 22:50
5.3k+
Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler
Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar
06.11.2025 18:59
8.6k+
Ýere Gün plazmasynyň zyňyndylary golaýlaýar: güýçli magnit tupany bolup biler
7-nji noýabrda Ýeri Gün plazmasynyň uly zyňyndysy gurşap alar. Ol 5-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 16:00 töweregi bolup geçen M7.4 derejeli alawlamadan soň ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
31.10.2025 12:29
5.7k+
Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar
Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy
20.10.2025 17:30
10k+
Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi
Dünýäde Ýeriň tekizdigine ynanýan adamlar häli-häzirem ýeterlik. Pikir soraşmalara görä, diňe ABŞ-nyň özünde 2022-nji ýylda ýaşaýjylaryň 11%-i şeýle pikirdedi. Reddit ulanyjylarynyň biri öz garažynyň wideo gözegçilik kamerasyny ulanyp, olaryň pikirini üýtgetmek kararyna geldi
15.10.2025 14:57
4.2k+
Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi
Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär. Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar
25.09.2025 20:00
8.1k+
Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner
Astronomlar uzak wagt bäri sorag döredýän adaty bolmadyk ýyldyz ulgamynyň syryny açdylar. Gürrüň Betelgeýze — Günüň yzysüre asmandaky iň ýagty ýyldyz — we onuň ýaş egindeş ýyldyzy barada barýar. Alymlaryň pikirine görä, birnäçe ýyldan Betelgeýze supernowa hökmünde partlap biler we onuň ýalynyny Ýerden hatda gündiz hem görmek mümkin bolar
13.09.2025 13:03
5.6k+
Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar
13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi
07.09.2025 18:51
2k+
Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde umumy kuwwaty 380 gigawat bolan Gün elektrik stansiýalary işe girizildi. Bu görkeziji 232 gigawat bolan 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 64% köp diýip, Electrec ýazýar
04.09.2025 13:09
2.6k+
Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy
Alymlar Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamy emele gelmezden hem ozal ýüze çykan madda bölejiklerini tapdylar. Bu barada Nature Astronomy we Nature Geoscience žurnallarynyň neşirlerindäki makalalarda habar berildi
02.09.2025 16:30
5.8k+
Ýeri G2-G3 derejeli magnit tupanlary gurşap aldy. Olar azyndan bir gün dowam eder
Ýerde 2-nji sentýabra geçilen gije magnit tupanlary başlady. Olar azyndan bir gün dowam eder diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berýär
28.08.2025 07:19
6.2k+
Iň güýçli Gün teleskopy rekord jikme-jiklik bilen koronal arkalaryny surata aldy
Astronomlar Deniel K. Inoue Gün teleskopynyň (DKIST) kömegi bilen Gündäki alawlamanyň jikme-jik suratyny aldy. Milli Gün obserwatoriýasynyň (NSO) hünärmenleri 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda bütindünýä wagty boýunça 20:12-de bolup geçen X1
27.08.2025 15:55
4.9k+
Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy
2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär
25.08.2025 13:42
12k+
Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler
23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi
21.08.2025 19:48
14k+
Gün özünden uly plazma zyňdy
20-nji awgustda astronomlar soňky ýyllaryň iň uly Gün hadysalarynyň birini hasaba aldy: Günüň günorta polýusyndan uly protuberanes zyňyldy. Onuň uzynlygy, takmynan, 1,5 mln kilometr boldy, bu bolsa Günüň öz diametrinden (takmynan, 1,4 mln km) hem uludyr
18.08.2025 15:56
4.2k+
Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler
Günüň Ýere bakýan tarapynda Gün tegmilleri asla galmady diýen ýaly. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ýokary takyklykdaky suratlarda häzir dört sany tegmilli ýeri görmek bolýar
07.08.2025 18:51
12k+
8-nji awgustda Ýere soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasy aralaşar
8-nji awgustda Ýerde soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada RIA Nowosti agentligi astronom, RF-niň Ylymlar akademiýasynyň professory Sergeý Bogaçýowa salgylanyp habar berýär
02.08.2025 00:23
6k+
Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy
Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler
31.07.2025 20:18
7.5k+
Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy
NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady
30.07.2025 14:41
8.1k+
Günüň üstünde üç ýyldan bäri ilkinji gezek täze polýar deşikler emele gelip başlady
Günüň üstünde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek polýar koronal deşikler peýda bolup başlady. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň we Sibir bölüminiň Gün-Ýerüsti fizika institutynyň web sahypasyna salgylanýan TASS habar berdi
29.07.2025 14:16
11k+
2027-nji ýylyň awgustynda boljak doly Gün tutulmasy XXI asyrda iň uzak dowam etjegi bolar
2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak Gün tutulmasy 6 minut 22 sekunt dowam eder. Bu üstümizdäki asyryň Gün tutulmasynyň iň uzak döwri bolar diýip, Space.com ýazýar. Neşir sosial ulgamlarda we metbugatda “dünýä garaňkylyga bürener” diýlen köp sanly oýlanyşyksyz aýdylan “çaklamalaryň” üstünden gülýär
18.07.2025 12:59
10k+
Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi
Pekiniň Dajin Heavy Industry kompaniýasy Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde özboluşly energetika desgasyny işe girizdi. Taslama 250 megawattlyk Gün elektrik stansiýasyny balyk hojalygy bilen utgaşdyrýar. 353 gektar meýdanda 370 000 sany ikitaraplaýyn Gün panelleri işläp başlady
15.07.2025 14:21
8.9k+
NASA Parker enjamynyň Güne iň golaý aralykdan alan wideosyny çykardy
NASA Parker Solar Probe enjamynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Güne ýakynlaşanda alan ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Enjam ýyldyzyň üstünden 6,17 million km uzaklykdan sagatda 687 müň km tizlik bilen uçup geçdi. Görünýän
«
1
2
3
…
6
»
«
1
2
3
4
5
6
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.