8-nji awgustda Ýere soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasy aralaşar

07.08.2025, 18:5112,885

8-nji awgustda Ýerde soňky iki aýda iň güýçli magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada RIA Nowosti agentligi astronom, RF-niň Ylymlar akademiýasynyň professory Sergeý Bogaçýowa salgylanyp habar berýär.

Ýeriň geomagnit ýagdaýynyň bu derejede üýtgemegine 5-nji awgustda Günde hasaba alnan iri alawlama sebäp boldy. Hasaplamalara görä, plazma akymy Ýere 8-nji awgustda irden aralaşar - Aşgabat wagty bilen 09:00 töwereklerinde. Onuň derejesi şol wagt "6-a" çenli ýetip biler. Munuň özi 13-nji iýunda hasaba alnandan bäri iň ýokary görkeziji bolar diýip, professor belleýär.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynda bellemeklerine görä, geomagnit ýagdaýynyň üýtgäp başlamagy eýýäm 7-sinden 8-ine geçilýän gije başlanar.

«Günde emele gelen ýagdaý häzir hakykatdan hem çylşyrymly. Diňe düýnüň [6-njy awgust] özünde 18 sany alawlama bolup geçdi», — diýlip, metbugat beýanynda aýdylýar.

Magnit hadysasy - bu Gün plazmasynyň täsiri astynda Ýeriň magnit meýdanynyň tolgunmasydyr. Adatça şeýle hadysalar adamlaryň aglabasy üçin howpsuzdyr. Emma howa üýtgemelerine garaşly adamlarda, aýratyn hem ýürek-damar keselli adamlarda kellagyrylar ýa-da ysgynsyzlyk duýlup bilner. Şeýle hem magnit hadysalary tehnikalaryň we elektrik enjamlarynyň işinde näsazlyk döredip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.