Kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary döredildi

16.06.2024, 06:142,876

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) kibersport Olimpiýa oýunlarynyň dörediljekdigini mälim etdi. Bu barada HOK-yň prezidenti Tomas Bah habar berdi.

“HOK-yň Ýerine ýetiriji komiteti şu gün Olimpiýa kibersport oýunlaryny döretmek kararyna geldi, karar Parižde geçiriljek sessiýada tassyklanmaly” – diýip, Bah aýtdy.

Öň, 2023-nji ýylyň iýun aýynda HOK-yň başlangyjy bilen Singapurda kibersport hepdeligi üstünlikli geçirildi. Şondan soň sentýabr aýynda gurama kibersport ýaryşlarynyň konsepsiýasyny we formatyny işläp düzmek bilen meşgullanýan kibersport komissiýasyny döretdi.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.