Dekabryň ahyryna çenli Redmi "Little Tornado" diýlip atlandyrylýan smartfonyny tanyşdyrar

10.12.2024, 18:525,939

Redmi Little Tornado ady bilen täze smartfon çykarmaga taýynlanýar. Kompaniýanyň baş menejeri Wan Ten Tomas tanyşdyrylyş dabarasynyň dekabr aýynyň ahyryna çenli boljakdygyny tassyklady diýip, MyDrivers ýazýar.

Täze önüm Dimensity 8400 çipsetine esaslanýan dünýädäki ilkinji smartfon bolup biler.
Gürrüňlere görä, Little Tornado Redmi Turbo 4 smartfonynyň täjirçilik wersiýasy bolar. Enjamyň 1,5K durulykda tekiz OLED paneli bolar we 90 Wt çalt zarýad bermegi goldar.
Smartfonyň başlangyç bahasynyň 200 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.