Xiaomi dünýäde iň çalt ösýän smartfon brendi boldy

23.01.2025, 08:033,853

Hytaýyň smartfon brendi Xiaomi ABŞ-da sanksiýalar sebäpli satylmaýandygyna garamazdan, 2024-nji ýylyň jemi boýunça iň çalt ösýän brend boldy. Muny Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär.

Geçen ýyl Xiaomi-niň dünýä bazaryndaky paýy 1% ýokarlandy, emma Samsung we Apple kompaniýalarynyň görkezijileri birneme peseldi. Hytaý smartfonlarynyň üstünligine Ýewropa, Aziýa we Afrika ýaly sebitler ýardam etdi.
Şeýle-de, hünärmenler kompaniýanyň täze premium we arzan smartfon hatarynyň hem-de täze müşderileri çekmäge kömek eden döredijilikli marketing çemeleşmesiniň netijesinde ösüş gazanandygyny belleýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.