Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 15 modeli üçin möhüm täzelenme çykdy

27.01.2025, 16:434,155

Xiaomi ýanwar aýyndaky howpsuzlyk programma üpjünçiligini çykardy. Bellenilişi ýaly, bu täzelenme öňki gowşaklyklary aradan aýyrýan hem-de Android operasion ulgamynda we HyperOS interfeýsinde durnuklylygy ýokarlandyrýan örän möhüm täzelenme bolup durýar.

Patç Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 15 modeli üçin niýetlenendir:

  • Redmi Note 13 4G NFC;
  • Redmi Note 12 Pro;
  • Redmi Note 12 Pro + 5G;
  • Redmi 14C;
  • Poco C75;
  • Redmi A3 Pro;
  • Xiaomi 14;
  • Xiaomi 14 Ultra;
  • Redmi Note 13;
  • Xiaomi 14T;
  • Xiaomi 14T Pro;
  • Redmi K80 Pro;
  • Redmi K80;
  • Redmi 13C;
  • Poco C65.

Şeýle-de, üç sany planşet modeli üçin hem programma üpjünçiligi çykaryldy: Redmi Pad SE 8.7 4G, Redmi Pad SE we Xiaomi Pad 6.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.