Redmi we Poco smartfonlarynyň 10 modeli könelişen diýlip yglan edildi

06.02.2025, 10:045,781

Xiaomi birbada 10 modeli EOS (End-of-Support – goldawyň soňy) smartfonlarynyň sanawyna goşdy. Gürrüň sekiz sany Redmi we iki sany Poco modeli barada gidýär.

Şu aýdan başlap, bu smartfonlar täzelenme  almaz: olar Android-iň ýa-da HyperOS-yň täze wersiýalaryna eýe bolmaz. Olar üçin hatda howpsuzlyk täzelenmesi-de göz öňünde tutulmady.
Doly sanaw şeýle görnüşde:

  • Redmi Note 11 SE;
  • Redmi Note 11S 5G;
  • Redmi Note 11S;
  • Redmi Note 11;
  • Redmi Note 11 5G;
  • Poco M4 Pro;
  • Redmi Note 11 5G;
  • Poco X4 Pro 5G;
  • Redmi 10C;
  • Redmi 10 2022.

Bu gurluşlary ulanyjylara işjeň programma goldawy bolan täze modellere geçmek ýa-da täzelenme aljak başga alternatiw programma üpjünçiligini gurnamak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.