Aşgabatda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Forum Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Çärä döwlet edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Esasy üns eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamyny ösdürmek hem-de Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerine gönükdirildi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna forumyň ähmiýetini belledi we türkmen tarapyna hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi.

Forumdaky çykyşynda Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

«Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» — diýip, Atabaýewa aýtdy.
Ol eneler üçin «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy, KHBS-iň gatnaşmagynda maglumat çäresini ýola goýmagy we ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmegi teklip etdi.
«Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!» — diýip, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çykyşyny tamamlady.

Forumyň çäklerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamyndaky barlaglara, ÝUNISEF bilen bilelikdäki maksatnamalaryň netijelerine, kanunçylygy kämilleşdirmäge we eneleri hem-de çagalary goldamak ulgamyny ösdürmek boýunça nobatdaky ädimlere bagyşlanan mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi.