BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň çap eden çaklamasyna görä, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli El-Ninýo howa hadysasy sebäpli açlykdan ejir çekjek adamlaryň sany azyndan 49 milliona çenli artyp biler.
Guramanyň baha bermegine görä, ýiti azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän adamlaryň sany 225 milliondan 274 milliona çenli artar. Iň agyr netijeleriň Merkezi Amerikada we Günorta Afrikada ýüze çykmagyna garaşylýar. Hadysa Gündogar Afrikanyň, Günorta Aziýanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň sebitlerine hem täsir edip biler.
BMG El-Ninýonyň eýýäm garyplyk, ýaragly çaknyşyklar, ykdysady durnuksyzlyk we adatdan daşary howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurtlara has beter zeper ýetirjekdigini belleýär.
El-Ninýo Ýuwaş ummanynyň ekwator böleginiň suwlarynyň üstki gatlagynyň adatdan daşary gyzmagyna sebäp bolýan tebigy hadysadyr. Ol tutuş dünýäniň howasyna täsir edýär, käbir sebitlerde güýçli ýagyşlaryň ýagmagyna, beýleki bir ýerlerde bolsa uzak wagtlyk gurakçylyga sebäp bolýar.
Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň maglumatlaryna görä, El-Ninýo şu ýylyň sentýabr we dekabr aýlary aralygynda iň ýokary derejesine çykar. Onuň oba hojalygyna we hasyla ýetirýän täsiri 2027-nji ýyla çenli bildirer durar.