Fransiýadaky, Italiýadaky we Ispaniýadaky bakja hem-de galla önümlerini öndürijiler uzaga çeken yssy we gurakçylyk sebäpli hasylyň örän pes alnandygyny mälim etdiler. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.
Ýewropanyň iň iri galla öndürijisi bolan Fransiýada mekgejöwen hasyly 35%-e, ýagny 9 million tonna çenli peseler. Şeýle görkeziji soňky gezek 1980-nji ýylda hasaba alnypdy. Bu ýagdaý gök önümleriniň öndürilişine-de öz täsirini ýetirdi. Meselem, kabak — 25%, salat — 35%, nohut — 40%, brokkoli — 60%, artişok — 50–100% azaldy. Mallaryň gyşky möwsüm üçin iýmlik samanynyň öndürilişi hem 1989–2018-nji ýyllardaky ortaça görkezijiden, takmynan, 30% az boldy.
Italiýada birsyhly we güýçli gurakçylyk oba hojalyk ekin meýdanlarynyň, takmynan, 60%-ine täsir etdi. Daýhanlaryň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň milli guramasy oba hojalyk ekinleriniň, gök önümleriň we miweleriň hasyllylygynyň ep-esli peselendigini, süýt önümçiliginiň bolsa 20% azalandygyny habar berdi.
Ispaniýanyň Kastiliýa we Leon sebitinde galla hasyly, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 35%, Madrid sebitinde — 49%, Andalusiýada bolsa 24% peseldi. Goýun we geçi süýdüniň öndürilişi, degişlilikde, 6,5% we 10,8% azaldy. Ispaniýanyň Milli çakyr öndürijiler federasiýasy 2026-njy ýylda önümçiligiň 20% azalmagyna garaşylýandygyny çaklaýar.
ÝB ýurtlarynyň hökümetleri oba hojalygyna kömek ediljekdigini aýtdylar. Fransiýanyň premýer-ministri Sebastýan Lekornýu gaýragoýulmasyz kömek hökmünde 145 million ýewronyň bölünip beriljekdigini, şeýle hem 2027-nji ýylyň býujetinde «gurluş goldawlarynyň we maýa goýumlarynyň» göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi.