Oturdaşlaryň gelen netijesinden soň Nýu-Meksiko ştatynyň kazyýeti Meta Platforms kompaniýasyny kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylara zyýan ýetirmekde günäkär hasaplady. Munuň üçin Mark Sukerbergiň kompaniýasyna takmynan 942 million dollar jerime salyndy diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär.
Bu mukdardan 567 million dollar sosial torlaryň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin ýörite döredilen gazna gönükdiriler, ýene 375 million dollary bolsa kazyýete aýratyn ýüz tutan raýatlara tölener. Mundan başga-da, kazyýet Meta-ny ähli kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylar üçin paýlaşylýan tekstleriň we surat goşundylarynyň aşagyndaky «laýklaryň» sanyny awtomat usulda gizlemäge mejbur etdi.
Çykarylan karara görä, Facebook we Instagram algoritmleri çagalarda howsalanyň we ynjalyksyzlygyň döremegine, olaryň uklamakda we okamakda kynçylyk çekmeklerine sebäp boldy. Şeýle hem, bu platformalar kämillik ýaşyna ýetmedikleriň kezzaplara we zorluga uçramak töwekgelçiligini artdyrdy.
Kazyýet işi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Nýu-Meksiko häkimiýetleriniň arza bermegi bilen başlanypdy. 2026-njy ýylyň mart aýynda bolsa oturdaşlar Meta korporasiýasy söwda amallary baradaky kanunyň 75 müň gezek bozulmagynda günäkär diýip netije çykardy.
Meta-nyň çagalar üçin sosial torlary düzgünleşdirmek boýunça kynçylyklary Ýewropada hem ýüze çykýar. 10-njy iýulda Ýewrokomissiýa Instagram we Facebook-yň imrindiriji dizaýny we garaşlylyk döredýän algoritmleri sebäpli kompaniýa jerime saljakdygy barada duýduryş berdi.
Ýewropanyň gözegçilik ediji edarasy (regulýatory) çagalar üçin goýlan häzirki çäklendirmeleri aňsatja aýlanyp geçip bolýandygyna, programmalarda ene-ata gözegçiligini düzüp goýmagyň bolsa öte çylşyrymlydygyna üns çekdi.