Serdar Berdimuhamedow Singapuryň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

10.08.2026, 12:261,896
1 / 3

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnama, premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.

Singapuryň Milli güni 9-njy awgustda bellenilýär. 1965-nji ýylyň hut şol güni ýurt Malaýziýanyň düzüminden çykyp, doly özbaşdak döwlet hökmünde yglan edilipdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz gutlagynda Singapur Respublikasynyň Prezidentine we premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Ýurtda dabaraly ýagdaýda bellenilýän bu baýramçylygyň esasy wakasy Singapuryň milli ýörişiniň («National Day Parade») geçirilmegidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.