Tbiliside «Rike turbalary» diýlip atlandyrylýan futuristik toplumy söküp başladylar. 2012-nji ýylda konsert we sergi zaly hökmünde gurlan bu bina şondan bäri hiç hili ulanylman ýatdy, indi bolsa onuň ýerinde myhmanhana gurmak meýilleşdirilýär.
Kura derýasynyň kenarynda, Rike seýilgähinde ýerleşýän toplumyň taslamasyny italýan binagäri Massimiliano Fuksas taýýarlapdy. Iki sany metal «tunnelde» sergi meýdançasy we 550 orunlyk konsert zaly ýerleşmelidi. Gurluşyga 75 million lari (takmynan 25 million ýewro) sarp edildi. Emma bu serişde diňe binanyň karkasyny we daşky fasadyny gurmaga ýetdi.

Mihail Saakaşwiliniň häkimiýetden gideninden soň binanyň içki bezeg işleri maliýeleşdirilmedi. Toplum birnäçe gezek eýesini täzeläp, elden-ele geçdi, ýöne hiç belli bir maksada niýetlenmedi. 2026-njy ýylyň iýulynda bu ýerde myhmanhana gurmagyň meýilleşdirilýändigi mälim boldy. Häzirki wagtda fasaddaky metal örtügi sökmek işleri alnyp barylýar. Bu işler 25-nji dekabra çenli tamamlanmaly.
Binagär Fuksasyň özi bu binanyň ýykylmagyny «medeniýet üçin uly ýitgi» diýip atlandyrdy.

«Gruzin arzuwy» partiýasynyň baş sekretary we Tbilisiniň häkimi Kaha Kaladze bu desgalaryň şäheriň şäher gurluşygy boýunça ösüş meýilnamalaryna «asla gabat gelmeýändigini», olaryň ulanyşsyz we abatlanylman ýatandygyny, «hakyky zibilhana» öwrülendigini aýtdy. Bu ýerde başlanjak gurluşygyň taslamasynyň heniz kesgitlenmändigini belledi.
«Elbetde, bu ýerde durmuşa geçiriljek taslamanyň köne Tbilisiniň töweregindäki gurşawy bilen sazlaşykly bolmagyna aýratyn üns bereris» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Binanyň ýykylmagy gruzin binagärleriniň we medeni miras boýunça hünärmenleriň arasynda jedel döretdi. Binagär Irakli Rostomaşwili toplumyň ilki-hä gurulmagyny, indi bolsa ýykylmagyny ýalňyş hasaplaýar.
