Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
04.11.2025 20:43
2.7k+
CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy
04.11.2025 20:33
3.1k+
Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri
3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi
04.11.2025 18:41
7.6k+
Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy
Oktýabrda dünýä bazarlarynda uly baha üýtgemeleri hasaba alyndy. Iň uly ösüşi kobalt görkezdi: onuň bahasy 28,5% ýokarlandy we bu hem metaly bu döwürde dünýäde iň gymmat haryda öwürdi. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär
04.11.2025 14:46
11k+
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
Şu gün, 4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky (C5+1) Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
04.11.2025 14:37
8k+
ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner
ABŞ-nyň awiasiýa pudagyndaky ýagdaý dowam edýän şatdaun sebäpli barha kynlaşýar. Ulag ministri Şon Daffi CNBC bilen söhbetdeşlikde uçuşlar howpsuz däl diýlip hasaplanan ýagdaýynda hökümetiň ýurduň howa giňişligini ýapyp biljekdigini aýtdy
04.11.2025 13:15
1.9k+
Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça 8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň
03.11.2025 12:42
11k+
ABŞ-da bir aý bäri hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli kompaniýalar 12 mlrd dollar ýitirdi
ABŞ-da federal edaralar bilen işleýän kompaniýalar hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ilkinji dört hepdede 12 mlrd dollar ýitirdi. Kongresiň deputatlaryna berlen ABŞ-nyň Söwda palatasynyň hasabatyna görä, 65 500 töweregi kiçi kärhana şatdaun başlany bäri her hepde, takmynan, 3 mlrd dollar ýitirýär
03.11.2025 12:36
5.3k+
Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler
27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy
03.11.2025 11:52
2.9k+
Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň sergisi açyldy
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder
03.11.2025 11:37
4.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly
03.11.2025 11:22
5.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Işewür Türkmenistanyň
03.11.2025 11:16
9k+
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi
03.11.2025 10:52
6.1k+
Esenguly etrabynda gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga açyldy
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda
03.11.2025 10:30
10k+
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy
2-nji noýabrda Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär
03.11.2025 10:23
9k+
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi ulanmaga berildi
2-nji noýabrda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi
03.11.2025 10:13
6.1k+
Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbi tutuldy
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbi tutuldy
02.11.2025 20:59
2.5k+
Türkmenistan ADIPEC 2025 sergisinde energetika boýunça garaýyşlaryny hödürlär
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçiriljek dünýäniň iň iri energetika sergileriniň biri bolan ADIPEC 2025-e gatnaşar. Bu ýyl forum 3–6-njy noýabr aralygynda «Energiýa. Aň. Täsir» şygary astynda geçirilýär
02.11.2025 20:41
4.3k+
Türkmenistanda milli manadyň ykdysadyýetdäki ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi
1-nji noýabrda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
02.11.2025 13:09
14k+
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde on aýyň jemlerini jemledi
1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
01.11.2025 19:10
3.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Alžiri Ynkylap güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.11.2025 19:08
16k+
Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyla at bermek we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy
01.11.2025 15:01
4k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
01.11.2025 14:53
1.8k+
Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy
30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler
01.11.2025 14:45
9.9k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany milli pulumyzyň dolanyşyga
01.11.2025 14:23
3.1k+
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde halypa zenanlaryň goşandy maslahatlaşyldy
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdyrlar
01.11.2025 12:28
6k+
Türkmenistan Sumitomo we Toyota bilen awtotehnikalary getirmek hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri bilen Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Toyota Central Asia kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde tegelek stol duşuşygy geçirildi
01.11.2025 10:56
7.7k+
Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Waşingtona iş saparyna taýýarlyk barada aýtdy
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi
01.11.2025 10:50
12k+
Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi. Wise-prmýeriň nygtaýşy ýaly
01.11.2025 10:44
6.8k+
Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
31-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de wise-premýerler hasabat bilen çykyş etdiler
01.11.2025 09:59
2.8k+
Italiýada pisse hasylynyň pes bolmagy Nutella-nyň gymmatlamagyna sebäp bolup biler
Nutella hozly şokolad pastasy Italiýada pisse hasylynyň gowşak bolmagy sebäpli gymmatlap biler. Der Spiegel-iň ýerli oba hojalyk assosiasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl ýurtda 70 müň tonna töweregi hoz ýygnalar, bu bolsa soňky ýyllaryň ortaça görkezijilerinden iki esse diýen ýaly azdyr
01.11.2025 09:47
3.1k+
Awazadaky CIET 2025 maslahatyna 56 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşar
3-4-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Akylly gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly gelejek» şygary astynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahat we sergi geçiriler
31.10.2025 16:25
2.8k+
Türkmenistanda biodürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler başlandy
Aşgabatda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky täze taslamasy — «Biodürlüligi maliýeleşdirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamagy goldamak boýunça toplumlaýyn maksatnama» boýunça giriş seminary geçirildi
31.10.2025 16:10
1.9k+
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirilýär
30-njy oktýabrda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde "Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri" atly giň gerimli iki günlük çäre başlady. Forum Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Germaniýanyň we birnäçe beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar
31.10.2025 12:16
12k+
Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy
28-nji oktýabrda Tähran şäherinde (Eýran) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
31.10.2025 12:03
1.5k+
Wilnýusda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
29-njy oktýabrda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşdy
31.10.2025 11:43
6.7k+
Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy
Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy
30.10.2025 15:09
8.6k+
Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi
Mis üçin üç aýlyk fýuçersleriň bahasy Londonyň metal biržasynda (LME) taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Söwdanyň dowamynda baha bir tonna üçin 11 146 dollara ýetdi we bu öňki bahalardan 0,92% ýokarydyr. Öňki rekord 2024-nji ýylda goýuldy
30.10.2025 11:36
2.3k+
Türkmenistanda maliýe we ykdysady adalgalaryň düşündirişli sözlügi çap edildi
Türkmenistanda “Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi” atly okuw gollanmasy çap edildi. Gollanmany Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L. Saryýewa taýýarlady
30.10.2025 11:08
3.7k+
Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi
ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasy köp wagtdan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasyndan daşynda geçirilýär — 43-nji gezek geçirilýän bu forumy Özbegistanyň Samarkant şäheri kabul etdi. 29-njy oktýabrda konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO agza döwletleriniň milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi
30.10.2025 10:59
2.6k+
Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler
Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler
«
1
…
27
28
29
…
260
»
«
1
…
24
25
26
27
28
29
30
31
32
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.