Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler

09.01.2026, 07:2816,909

2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etrap salgyt bölümleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça okuw maslahatlaryny geçirer.

Okuw maslahatlary Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilip, 10:00-da başlanar.
Bu barada bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.