Syýasat we ykdysadyýet

Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler
14.08.2025 13:40
6k+

Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler

Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen
Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi
13.08.2025 15:51
4k+

Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi

12-nji awgustda Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň üçünji maslahaty geçirildi
ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy
13.08.2025 15:19
8.9k+

ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy

ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi
Garagum derýasyndan "Gurtly" ýaşaýyş toplumyna çenli kadaly dolandyrylýan suwaryş ulgamy gurlar
13.08.2025 13:20
19k+

Garagum derýasyndan "Gurtly" ýaşaýyş toplumyna çenli kadaly dolandyrylýan suwaryş ulgamy gurlar

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan «Gurt­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­my­na çen­li su­wa­ryş ul­ga­my­ny gur­mak bo­ýun­ça BÄS­LE­ŞIK yg­lan ed­ýär
12-nji awgustda Awazada Hazar deňziniň güni bellenildi
13.08.2025 08:27
3.6k+

12-nji awgustda Awazada Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi
Ýewropada pes hünär taýýarlykly işgärleriň 2,3 million iş orny ýitirim boldy
12.08.2025 16:30
5.5k+

Ýewropada pes hünär taýýarlykly işgärleriň 2,3 million iş orny ýitirim boldy

Soňky on ýylda Ýewropanyň zähmet bazary düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Randstad agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda 2,3 million pes hünär taýýarlykly işgärler üçin iş orny ýitirim boldy, şol bir wagtyň özünde ýokary bilimli hünärmenler üçin boş iş orunlarynyň sany 20,8 million artdy
Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady
12.08.2025 14:03
8.1k+

Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli gutlag iberdi
Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy
11.08.2025 23:14
13k+

Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda Merkezi Aziýa çempionatynda 16 medal gazandylar
11.08.2025 23:08
4.6k+

Türkmenistanly karateçiler Samarkantda Merkezi Aziýa çempionatynda 16 medal gazandylar

Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3-13-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýokary netijeleri görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar
Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
11.08.2025 23:03
2.2k+

Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
11.08.2025 23:00
1.9k+

Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

9-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - wekili Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy
Türkmenistan ulag düzgünleşdirişi ugry boýunça AÖB-niň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy
11.08.2025 17:00
4.9k+

Türkmenistan ulag düzgünleşdirişi ugry boýunça AÖB-niň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy

Türkmenistan serhetara söwda we ulag gatnaşyklygy indeksiniň (CBTTFI) ulag düzgünleşdirişi bölümi boýunça iň ýokary – 100 % – baha mynasyp boldy. Bu maglumat Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) täze hasabatynda beýan edilýär
BMG-niň Awazada geçirilen maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda şöhlelendirildi
11.08.2025 15:22
3.3k+

BMG-niň Awazada geçirilen maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda şöhlelendirildi

5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
11.08.2025 15:14
8.3k+

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlap, minnetdarlyk hatlaryny iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi we azerbaýjan halkyny taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady
10.08.2025 23:51
9.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi we azerbaýjan halkyny taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady

10-njy awgustda azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy Awaza syýasy Jarnamasyny hödürledi
09.08.2025 17:51
7.6k+

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy Awaza syýasy Jarnamasyny hödürledi

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy 1. Biz, döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de ýokary
Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Prezidentini ýurduň Milli güni bilen gutlady
09.08.2025 08:29
4.9k+

Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Prezidentini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
Awazada BMG-niň maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi
09.08.2025 08:23
9.1k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi

8-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri jemlenildi
09.08.2025 08:16
4.9k+

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri jemlenildi

8-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdy. Ozal habar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýanyň, Sloweniýanyň we Filippinleriň wekiliýetleri bilen duşuşdy
08.08.2025 23:56
4.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýanyň, Sloweniýanyň we Filippinleriň wekiliýetleri bilen duşuşdy

7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşdy
Awazada DÇBÖBD-niň maslahatynda sanly ykdysadyýet, ýaşyl energetika we söwda geçelgeleri maslahatlaşyldy
08.08.2025 19:59
3.8k+

Awazada DÇBÖBD-niň maslahatynda sanly ykdysadyýet, ýaşyl energetika we söwda geçelgeleri maslahatlaşyldy

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň guramagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi
Altynyň bahasy taryhy rekordyny täzeledi
08.08.2025 19:37
15k+

Altynyň bahasy taryhy rekordyny täzeledi

Altynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy bir troý unsiýasy üçin rekord 3534,1 dollara galdy. Muňa Investing.com portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen 18:40-daky ýagdaýa görä, bahalar 1% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 3488 dollar boldy
Raşid Meredow Awazada Lesotodan, Efiopiýadan we Portugaliýadan gelen wekiliýetler bilen duşuşdy
08.08.2025 18:11
4.7k+

Raşid Meredow Awazada Lesotodan, Efiopiýadan we Portugaliýadan gelen wekiliýetler bilen duşuşdy

7-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi
Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi
08.08.2025 17:50
4.9k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Karol Nawroskini Polşanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady
08.08.2025 17:28
6.5k+

Serdar Berdimuhamedow Karol Nawroskini Polşanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Polşanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
07.08.2025 22:58
5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşdy
07.08.2025 22:55
6.7k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşdy

7-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM
Raşid Meredow Awazada Kataryň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Awstriýanyň we UNIDO-nyň wekiliýetleri bilen duşuşdy
07.08.2025 22:52
8.8k+

Raşid Meredow Awazada Kataryň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Awstriýanyň we UNIDO-nyň wekiliýetleri bilen duşuşdy

6-njy awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi
BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi
07.08.2025 17:53
3.1k+

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi

6-njy awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan guralan “Halkara ulag geçelgelerinde
Awazada BMG-niň forumy öz işini plenar mejlislerde dowam etdi
07.08.2025 17:44
2.8k+

Awazada BMG-niň forumy öz işini plenar mejlislerde dowam etdi

6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi. Forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG ilkinji gezek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününi belläp geçdi
07.08.2025 16:33
5.1k+

BMG ilkinji gezek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününi belläp geçdi

6-njy awgustyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýörite brifing geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Afrika, Aziýa we Kawkaz döwletleriniň liderleri bilen duşuşdy
07.08.2025 13:49
8.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Afrika, Aziýa we Kawkaz döwletleriniň liderleri bilen duşuşdy

6-njy awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň tapgyry geçirildi
Eýran milli puluny denominasiýa etmegi we rialdan dört noly aýyrmagy meýilleşdirýär
07.08.2025 13:36
11k+

Eýran milli puluny denominasiýa etmegi we rialdan dört noly aýyrmagy meýilleşdirýär

Eýranyň mejlisi milli walýutanyň denominasiýasy baradaky kanunyň taslamasyna sereder. Rialdan dört noly aýyrmak meýilleşdirilýär, walýutanyň ady öňküligine galar. Şondan soň täze bir riallyk köne 10 000 bilen deň bolar
Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsine barýan ýoly geçirmek üçin daglary “kesdiler”
07.08.2025 12:55
16k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsine barýan ýoly geçirmek üçin daglary “kesdiler”

Hytaýyň Guizhou welaýatynda dünýäniň iň beýik köprüsiniň gurulmagy bilen ýokary tizlikli ýoluň bir bölegi tamamlanýar. Taslamanyň haýrana goýýan suratlary we wideo şekilleri Reddit-de peýda boldy. Çylşyrymly relýefli daglyk ýerdigi sebäpli gurluşykçylar egrem-bugram ötükleri geçirmegi makul tapman, tersine, birnäçe dagyň gerşini “kesdiler”
Awazada forumyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi
07.08.2025 12:28
3.3k+

Awazada forumyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi
Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi
07.08.2025 12:24
2.6k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi
Türkmenistanda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi
07.08.2025 12:16
2.6k+

Türkmenistanda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi
Tramp derman önümlerine 250%-e çenli gümrük pajyny girizmegi meýilleşdirýär
07.08.2025 11:50
7.4k+

Tramp derman önümlerine 250%-e çenli gümrük pajyny girizmegi meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýarym geçirijileriň we farmasewtika önümleriniň importyna amerikan paçlarynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ştatlara getirilýän derman serişdeleri üçin meýilleşdirilýän paçlar ahyrky netijede 250%-e ýetip biler
Awazada Hazar deňziniň meseleleri boýunça kenarýaka döwletleriň wekilleriniň ýygnagy geçirildi
06.08.2025 18:15
7.8k+

Awazada Hazar deňziniň meseleleri boýunça kenarýaka döwletleriň wekilleriniň ýygnagy geçirildi

5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen tarapynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar
Saud Arabystany ýagyş suwuny ýygnamak üçin 1000 sany bent gurar
06.08.2025 16:16
10k+

Saud Arabystany ýagyş suwuny ýygnamak üçin 1000 sany bent gurar

Saud Arabystany ýagyş suwuny ýygnamak üçin 1000 sany bent gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada metbugat ýygnagynda ýurduň daşky gurşaw, suw gorlary we oba hojalygy ministri Abdurahman Al-fadli mälim etdi  diýip, Ahbaar24 neşiri habar berýär