Syýasat we ykdysadyýet

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi
30.05.2025 10:23
20k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda belleniler. 8-nji iýunyndaky dynç güni 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirildi
ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy
30.05.2025 00:17
10k+

ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy

Donald Trampyň administrasiýasy F, M we J kategoriýaly talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi wagtlaýyn togtatmagy tabşyrdy. Bu barada döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekilen içerki resminama salgylanyp, Politico neşiri habar berýär
Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar
29.05.2025 16:09
1.8k+

Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

27-nji maýda Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Forumy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) gurady
Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär
29.05.2025 16:03
4.9k+

Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

Pakistanyň Senatynyň Başlygy (Mejlisiň ýokarky palatasy) Saýed Ýusuf Reza Gilani resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Pakistan telewideniýe korporasiýasynyň habaryna görä, bu sapar Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar
Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy
29.05.2025 16:00
3.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji maýda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşyk geçirdi
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler
29.05.2025 15:56
3.5k+

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde akademiýanyň wekilleri adam  serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça uzak aralyklaýyn onlaýn okuwlaryny geçýärler
ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy
29.05.2025 15:42
14k+

ABŞ-daky kazyýet Trampyň gümrük paçlarynyň köpüsini ýatyrdy

ABŞ-nyň Halkara Söwda meseleleri boýunça federal kazyýeti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlarynyň bikanundygyny aýdyp, olaryň köpüsiniň güýjüni ýatyrdy. Bu barada şu gün «Associated Press» agentligi habar berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze saýlanan Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady
28.05.2025 08:18
5.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze saýlanan Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Nikuşor Daniýel Dana Rumyniýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
28.05.2025 08:15
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
27.05.2025 10:26
2.2k+

Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen  telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi
27.05.2025 07:57
8.3k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
26.05.2025 23:29
3.9k+

Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar
Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
26.05.2025 23:24
6.2k+

Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

24-nji maýda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler
10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy
26.05.2025 22:24
4.9k+

10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.05.2025 22:18
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň güni we haly baýramy bilen gutlady
26.05.2025 20:19
6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň güni we haly baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady
Aşgabat şäheriniň häkimligi «Changsha Zoomlion» hytaý kompaniýasyndan jemagat tehnikalaryny satyn alar
26.05.2025 20:12
4.4k+

Aşgabat şäheriniň häkimligi «Changsha Zoomlion» hytaý kompaniýasyndan jemagat tehnikalaryny satyn alar

Aşgabat şäheriniň häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar
26.05.2025 20:05
5.5k+

Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co
Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady
26.05.2025 00:26
11k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylary gutlady. "Türkmen zenanynyň
Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.05.2025 00:16
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
25.05.2025 19:13
3.2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

23-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy
25.05.2025 18:42
6.4k+

Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
25.05.2025 10:48
6.7k+

Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar

Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
24.05.2025 19:30
5.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy
Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär
24.05.2025 19:20
13k+

Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär

ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy. “Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym
Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler
24.05.2025 11:43
2.5k+

Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler

2025-nji ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi
Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy
24.05.2025 11:35
7.1k+

Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy

Türkmenistanda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi
Hytaýda «ýaşyl» energetikanyň ösüşi ilkinji gezek CO2 zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi
23.05.2025 19:19
8.6k+

Hytaýda «ýaşyl» energetikanyň ösüşi ilkinji gezek CO2 zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi

Hytaý 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny ilkinji gezek 1,6% azaltmagy başardy. Bu netije ýel, Gün we ýadro energiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen gazanyldy diýip, «Carbon Brief» britan neşiri habar berýär
Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi
23.05.2025 15:45
6.9k+

Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär. Arhipelag ýedi adadan ybarat
Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
23.05.2025 15:26
2.7k+

Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
23.05.2025 13:14
12k+

Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi
Türkmenistanly ýaşlar Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar
23.05.2025 13:09
1.8k+

Türkmenistanly ýaşlar Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar

21–24-­nji maý aralyg­ynda T­äjigistanyň paýtagty­ Duşenbe­ şäherinde 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda  ­­Merkezi Aziýa ýurtlar­ynyň we Aýl­agdaky ar­ap döwletler­iniň Hyz­matdaşlyk Geň­eşine a­gza ýurtlaryň ýaşlar ­forumy geç­irilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Pekinde Sun Sinlin adyndaky merkeze baryp gördi
23.05.2025 13:04
6.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Pekinde Sun Sinlin adyndaky merkeze baryp gördi

22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
23.05.2025 12:23
1.8k+

Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär
Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
22.05.2025 20:12
1.6k+

Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi
22.05.2025 12:25
3.4k+

Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi

Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
22.05.2025 00:50
14k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy

21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi
21.05.2025 16:36
11k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi

20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi
Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
21.05.2025 11:59
7.9k+

Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi

19-20-nji maýda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen tarapyna – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow hem-de eýran tarapyna Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd ýolbaşçylyk etdi
Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
21.05.2025 11:53
9.1k+

Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar birnäçe başlangyçlary, şol sanda Almaty – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň dikeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar