Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

30.05.2025, 10:2320,095

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda belleniler.

8-nji iýunyndaky dynç güni 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirildi.
Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.