Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlary geçýärler

29.05.2025, 15:563,480

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde akademiýanyň wekilleri adam  serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça uzak aralyklaýyn onlaýn okuwlaryny geçýärler. Okuwlar RF-niň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri we mugallymlary  tarapyndan alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabrynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan möhüm işleri, ýagny adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýar.
Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän  gysga möhletli onlaýn okuw sapaklarynyň dowamynda “Adam serişdelerini strategiki meýilleşdirmek”, “Dolandyryş işinde talap edilýän başarnyklar”, “Başarnyklary dolandyrmak”, “Işgärleriň işe gatnaşygyny dolandyrmak”, “Netijeli gepleşikler”, “Dolandyryş çözgütlerini kabul etmekligiň aýratynlyklary” ýaly temalar boýunça gürrüňler edilýär. Onlaýn okuwlarda zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň   işgärlerini dolandyrmak we   utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, strategiki adam serişdelerini dolandyrmagyň ähmiýeti we onuň alnyp barylýan işlere edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, edarada halypa – şägirtlik ulgamyny ýola goýmak ýaly ugurlar barada berilýän maglumatlar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.