Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi
23.10.2025 16:12
7.8k+

Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasy-2025/26-nyň üçünji tapgyrynyň ikinji oýun güni aýratyn boldy – ol geçenki oýunlarda geçirilen gollaryň üstüni ýetirip, rekord 71 gol getirdi. Çarşenbe güni uly netije görkezen toparlar “Çelsi”, “Liwerpul” we “Bawariýa” boldy
Kewin Dýurant NBA-nyň taryhynda iň köp hak alýan oýunçy boldy
23.10.2025 12:35
3.7k+

Kewin Dýurant NBA-nyň taryhynda iň köp hak alýan oýunçy boldy

“Hýuston Rokets” basketbol klubunyň oýunçysy Kewin Dýurant 2027/28 möwsüminde oýunçy hukugy bilen 90 mln dollara şertnamany ýene iki ýyl uzaltmaga razy boldy. Bu barada onuň hyzmatdaşy we Boardroom-yň baş direktory Riç Kleýman aýtdy diýip, ESPN habar berýär
Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri Mongoliýada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
23.10.2025 12:03
1.4k+

Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri Mongoliýada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň sport ulgamynyň wekilleri 20-21-nji oktýabrda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
«Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen duşuşygynda deňme-deň oýnady
23.10.2025 10:45
5.9k+

«Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen duşuşygynda deňme-deň oýnady

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» topary bilen AFK-2 Çempionlar Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň üçünji oýnunda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Dohada «Al-Tumama» stadionynda geçirildi we 2:2 hasabynda tamamlandy
Forbes 2025-nji ýylyň iň köp aýlykly futbolçylarynyň sanawyny düzdi
22.10.2025 22:20
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň köp aýlykly futbolçylarynyň sanawyny düzdi

Forbes žurnaly 2025-nji ýylyň iň ýokary aýlykly futbolçylarynyň sanawyny neşir etdi. Sanawda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu birinji orunda durýar. Ikinji orunda duran “Inter Maýami” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ondan takmynan iki esse az gazanýar
Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder
22.10.2025 20:05
1k+

Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady
Kiçijik obanyň futbol kluby Şwesiýanyň çempiony boldy
22.10.2025 13:53
7.8k+

Kiçijik obanyň futbol kluby Şwesiýanyň çempiony boldy

“Mýellbýu” futbol kluby taryhda ilkinji gezek Şwesiýanyň çempiony boldy. Topar 27-nji tapgyryň “Gýoteborg” bilen oýnunda 2:0 hasabynda utup, 66 utuk gazandy we ýakyn bäsdeşi bolan Stokgolmyň “Hammarbýu” klubundan 11 utuk öňe geçdi
Çempionlar ligasy: “PSŽ”, “Arsenal” we “Barselona” üç topara garşy 17 gol geçirdi
22.10.2025 13:39
6.7k+

Çempionlar ligasy: “PSŽ”, “Arsenal” we “Barselona” üç topara garşy 17 gol geçirdi

Sişenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýunlary başlandy. Birinji oýun güni toparlar 9 oýunda 43 gol geçirdi. “Barselona” – “Olimpiakos” 6:1 Kataloniýalylar garşydaşyndan ynamly üstün çykyp, ÇL-iň şu möwsüminde öýde ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi
22.10.2025 12:56
5.1k+

«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi
«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer
21.10.2025 10:27
5.8k+

«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby 2025/26 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlaryny Butanda geçirer. Klubuň «A» toparyndaky ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Thimphu şäherinde geçiriler
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy
20.10.2025 18:00
7.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy

Halkara Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekowy Tehniki ösüş boýunça komitetiň agzalygyna saýlady. TFF-niň habar bermegine görä,
Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder
20.10.2025 17:18
7.1k+

Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar
“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy
20.10.2025 17:15
3k+

“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy

“Napoli” EA7 bilen bilelikde Hellouine bagyşlap, 2025/2026 möwsümi üçin eşik toplumyny hödürledi. Bu köýnekçeler çäkli nusgada çykarylar we özboluşly stil bilen bezeler. Klub öz resmi saýtynda dizaýnyň mazmunyny düşündirdi
Marokkonyň ýygyndysy Argentinany utup, ilkinji gezek U20 futbol boýunça DÇ-niň ýeňijisi boldy
20.10.2025 14:50
7.9k+

Marokkonyň ýygyndysy Argentinany utup, ilkinji gezek U20 futbol boýunça DÇ-niň ýeňijisi boldy

Marokkonyň milli ýygyndysy Çilide geçirilen futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek ýeňiji boldy. 20-nji oktýabrda irden Santýagoda bolan final oýnunda marokkolylar Argentinanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy
Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy
20.10.2025 14:04
1.7k+

Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy

19-njy oktýabrda, ýekşenbe güni Ostindäki Circuit of the Americas ýaryş ýolunda Formula-1 çempionatynyň 19-njy tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi geçdi. Onda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy
Ronaldu klublaýyn derejede 800 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy
19.10.2025 17:38
8.2k+

Ronaldu klublaýyn derejede 800 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu futbol taryhynda klublaýyn derejede 800 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. 40 ýaşly portugaliýaly oýunçy bu ýubileý goluny Saud Arabystanynyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Al-Fateh» toparyna garşy oýunda geçirdi
APL-iň oýunçylarynyň umumy bahasy 12,78 mlrd ýewro ýetdi
19.10.2025 16:51
3.5k+

APL-iň oýunçylarynyň umumy bahasy 12,78 mlrd ýewro ýetdi

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) futbolçylarynyň umumy bahasy 756,25 mln ýewro ýokarlanyp, 12,78 mlrd ýewro ýetdi diýip, Transfermarkt portaly habar berýär. Iňlis klublarynyň arasynda tomusky transfer penjiresinde iň köp çykdajy eden “Liwerpul” boldy
Apple ABŞ-da “Formula-1-i” ýaýlyma bermek üçin 750 mln dollara hukuk satyn aldy
19.10.2025 16:46
1.7k+

Apple ABŞ-da “Formula-1-i” ýaýlyma bermek üçin 750 mln dollara hukuk satyn aldy

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk satyn aldy. Bu barada çempionatyň metbugat gullugy habar berýär. Hyzmatdaşlyk barada şertnama bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy, takmynan, 750 mln dollar boldy
Spotify 2034-nji ýyla çenli “Barselonanyň” stadionynyň adynda galar
19.10.2025 16:44
2.8k+

Spotify 2034-nji ýyla çenli “Barselonanyň” stadionynyň adynda galar

“Barselona” futbol kluby öz resmi saýtynda dünýäde iň uly aýdym-saz platformalarynyň biri bolan Spotify bilen täze şertnama baglaşandygyny habar berdi. Taraplar hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy, ýöne stadionyň ady üçin hukuk 2034-nji ýyla çenli Spotify-a degişli bolar
FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi
18.10.2025 12:25
11k+

FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin eýýäm milliondan gowrak petek satyldy
17.10.2025 21:01
8.5k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin eýýäm milliondan gowrak petek satyldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna eýýäm milliondan gowrak petek satyldy. Bu barada FIFA salgylanyp, NBC News habar berýär. Uly gyzyklanma bildiren janköýerler, esasan, ABŞ-dan, Kanadadan we Meksikadan boldy – hut bu üç ýurt 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ýaryşy kabul eder
“PSŽ-niň” hüjümçisi Li Kan In ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy boldy
17.10.2025 18:53
4.8k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Li Kan In ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy boldy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň wingeri Li Kan In AFC Awards Riyadh 2025 tarapyndan ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda habar berdi
BAE-niň ýygyndysynyň janköýerleri Katardan utulandan soň meýdança iPhone we awtoulag açarlaryny zyňdylar
17.10.2025 18:50
17k+

BAE-niň ýygyndysynyň janköýerleri Katardan utulandan soň meýdança iPhone we awtoulag açarlaryny zyňdylar

Kataryň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň oýnunda BAE-ni utdy. Hulen Lopeteginiň topary iki gol geçirip, ikinji ýaryma goşulan wagtda bolsa bir goly sypdyryp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy
102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler
17.10.2025 11:37
6.7k+

102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler

Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi. 102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar
Messi ýaş futbolçylar üçin täze halkara ýaryşynyň döredilendigini habar berdi
17.10.2025 00:07
6.7k+

Messi ýaş futbolçylar üçin täze halkara ýaryşynyň döredilendigini habar berdi

“Altyn topuň” sekiz gezek eýesi we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony Lionel Messi ýaşlar toparlary üçin täze ýaryşyň – Messiniň Kubogynyň döredilendigini habar berdi. Bu barada ol Instagram sahypasynda aýtdy
Argentina we Marokko futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda oýnar
16.10.2025 23:04
4.4k+

Argentina we Marokko futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda oýnar

Argentinanyň we Marokkonyň milli ýygyndylary 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda duşuşar. Ýaryş Çilide geçirilýär. Ýarym finalda argentinalylar Kolumbiýanyň toparyny 1:0 hasabynda utdy
Messi milli ýygyndy üçin assistleri boýunça dünýä rekordyny goýdy
16.10.2025 09:04
6.3k+

Messi milli ýygyndy üçin assistleri boýunça dünýä rekordyny goýdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň 38 ýaşly hüjümçisi Lionel Messi milli ýygyndy üçin oýunlarda assist boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. 15-nji oktýabrda Fort-Loderdeýlde (Florida, ABŞ) Argentinanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk oýnunda Puerto-Rikony 6:0 hasabynda utdy
Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy
15.10.2025 13:11
3k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan Şri-Lankadan üstün çykdy
15.10.2025 12:35
8.9k+

Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan Şri-Lankadan üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde “D” toparçada Şri-Lankanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirilip, hasap 2:1 boldy
Uly arzuwy bolan kiçijik ýurt: Kabo-Werde ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
14.10.2025 21:02
10k+

Uly arzuwy bolan kiçijik ýurt: Kabo-Werde ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar Afrikadaky saýlama ýaryşynyň D toparçasynda birinji orny eýeledi. Aýgytly pursat toparyň öýünde Eswatini 3:0 hasabynda utmagy boldy
Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer
14.10.2025 20:43
12k+

Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer

Iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony, russiýaly Pýotr Ýan ýene-de tituly gaýdyp almak mümkinçiligine eýe bolar. Ol 6-njy dekabrda (Aşgabat wagty bilen 7-nji dekabra geçilýän gije) UFC-niň häzirki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili bilen duşuşar
FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär
11.10.2025 16:55
7.1k+

FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär
Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady
11.10.2025 14:07
7.8k+

Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady

Transfermarkt portaly Seriýa A ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahasyny täzeledi. “Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautaro Martines 10 mln ýewro arzanlady, ýöne çempionatyň iň gymmat oýunçysy adyny saklady – indi ol 85 mln ýewro bilen bahalandyrylýar
“Çelsi” bir ýylda düzümiň gymmatlamagy, “MÝ” arzanlamagy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi
10.10.2025 17:16
6.8k+

“Çelsi” bir ýylda düzümiň gymmatlamagy, “MÝ” arzanlamagy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi

FIFA-nyň hyzmatdaşy bolan Şweýsariýanyň CIES gözleg kompaniýasy ýyllyk reýtingini hödürläp, bir ýylda dünýäniň öňdebaryjy futbol klublarynyň düzümleriniň baha taýdan nähili üýtgändigini görkezdi. Reýtingde öňdebaryjylar Angliýanyň premýer-ligasynyň klublary boldy: “Çelsi” iň ýokary ösüşi görkezdi
Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar
10.10.2025 17:12
5k+

Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar

36 ýaşly ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Bu barada “Inter Maýaminiň” goragçysy Instagram-da habar berdi. “Minnetdar, futbol, hemme zat üçin köp minnetdar” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy we ýörite wideo bilen paýlaşdy
Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin diskwalifikasiýa edildi
10.10.2025 17:06
22k+

Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin diskwalifikasiýa edildi

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin 18 aý söweşlerden çetleşdirildi. Bu barada Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) saýtynda habar berilýär
Müsüriň milli ýygyndysy möhletinden ir 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
09.10.2025 18:29
10k+

Müsüriň milli ýygyndysy möhletinden ir 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Müsüriň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyny kepillendirdi. Saýlama ýaryşynyň dokuzynjy tapgyryndan soň topar 23 utuk gazanyp, A toparçada möhletinden ir birinji orny eýeledi, ol Burkina-Fasodan bäş utuk öňe geçdi
“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji
09.10.2025 16:06
5.8k+

“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji

Kataloniýanyň “Barselonasynyň” metbugat gullugy geçen möwsümiň maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Klubuň operasion girdejileri 994 mln ýewro, arassa operasion girdeji bolsa bary-ýogy 2 mln ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, Nike bilen hemaýatkärlik şertnamasy kluba 259 mln ýewro getirýär
Kriştianu Ronaldu taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy
08.10.2025 16:28
18k+

Kriştianu Ronaldu taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy

Kriştianu Ronaldunyň baýlygy 1,4 mlrd dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy. Bu maglumatlar Bloomberg-iň milliarderler indeksinden gelip çykýar. Iýunda 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçi “Al-Nasr” bilen 400 mln dollarlyk täze şertnama baglaşdy
UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi
08.10.2025 12:38
6.4k+

UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi

UEFA milli çempionatlaryň iki oýnuny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi: “Barselona” “Wilýarreal” bilen duşuşygyny Maýamide (ABŞ), “Milan” bolsa “Komo” bilen oýnuny Pertde (Awstraliýa) geçirip biler. La Liga we Seriýa A şeýle rugsady bermek haýyşy bilen UEFA-a öňünden ýüz tutdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.