Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar

20.01.2026, 06:5412,961

Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi.

Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady.
Demirgazyk amerikan neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji onluk şeýle görnüşde:

  • Kriştianu Ronaldu (futbol) – 260 mln dollar;
  • Saul Alwares (boks) – 137 mln dollar;
  • Lionel Messi (futbol) – 130 mln dollar;
  • Huan Soto (beýsbol) – 129,2 mln dollar;
  • Lebron Jeýms (basketbol) – 128,7 mln dollar;
  • Karim Benzema (futbol) – 115 mln dollar;
  • Stefen Karri (basketbol) – 105,4 mln dollar;
  • Sýoheý Otani (beýsbol) – 102,5 mln dollar;
  • Kewin Dýurant (basketbol) – 100,8 mln dollar;
  • Jon Ram (golf) – 100,7 mln dollar.

2024-nji ýylda ilkinji üçlük başgaçady. Şol ýyl ikinji orunda 153,8 mln dollar bilen Stefen Karri ýerleşdi, üçlügi bolsa boksçy Taýson Fýuri ($147 mln) jemläpdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.