Senegalda Afrikanyň Kubogyndaky ýeňişden soň dynç güni yglan edildi

19.01.2026, 22:135,932
1 / 2

Senegalyň Prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe duşenbe gününi (19-njy ýanwar) tölegli dynç güni diýip yglan etdi. Çözgüt Senegalyň Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda ýeňiş gazanmagy bilen baglanyşykly boldy diýip, RTS 1 teleýaýlymy habar berdi.

Aýgytly oýunda topar Marokkonyň milli ýygyndysyny goşmaça wagtda 1:0 hasabynda utdy. Ýeňiş goly 94-nji minutda geçirildi – Pap Geýe tapawutlandy. Oýnuň ahyry örän dartgynly boldy.
Bu ýeňiş Senegal üçin Afrikanyň Kubogynyň taryhynda ikinji boldy. Dört ýyl ozal ýurduň milli ýygyndysy Müsüri esasy we goşmaça wagtda 0:0 bolandan soň penalti tapgyrynda utdy. Şol wagt hem hökümet milli toparyň üstünligi mynasybetli dynç gününi yglan edipdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.