Syýasat we ykdysadyýet

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler
20.06.2025 20:14
9.6k+

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi
Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy
20.06.2025 20:06
5.3k+

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi
BMGÖM Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleriniň tapgyryny geçirdi
20.06.2025 19:25
3.1k+

BMGÖM Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleriniň tapgyryny geçirdi

28-nji maýdan 18-nji iýun aralygynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri öňe sürmek” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleri geçirildi
Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy
20.06.2025 11:01
5.1k+

Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy

Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň egindeş başlyklary — Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin duşuşyk geçirdiler
Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
20.06.2025 10:57
5k+

Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

19-njy iýunda Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi hanym Rana Abu Hijleh Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
20.06.2025 09:21
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar
Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy
19.06.2025 14:42
4.8k+

Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy

17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
19.06.2025 14:30
8.8k+

Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi
19.06.2025 14:15
9.7k+

Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi

Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi. Orient agentliginiň
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi
19.06.2025 13:02
2.8k+

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi

17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Mejlisiň çäginde adam
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär
19.06.2025 11:36
18k+

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi
Ak tam TikTok-yň ABŞ-da petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürdi
19.06.2025 10:26
7.3k+

Ak tam TikTok-yň ABŞ-da petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok platformasynyň ABŞ-nyň çäginde petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürmäge karar berdi. Bu barada 17-nji iýunda Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt habar berdi. «Bloomberg» agentliginiň belleýşi ýaly, bu Trampyň wezipesine girişeli bäri platformanyň işini üçünji gezek uzaldyşydyr
Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
18.06.2025 10:04
4.4k+

Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan Gonduras Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişdi. Gol çekmek dabarasy 12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
18.06.2025 09:52
5k+

«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

17-nji iýunda Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň  jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi
18.06.2025 09:46
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi
Serdar Berdimuhamedowyň Astanada “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
18.06.2025 06:57
6.9k+

Serdar Berdimuhamedowyň Astanada “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy

Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýet agzalary! Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi
17.06.2025 20:11
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar
17.06.2025 19:52
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar

Astanada «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Astanada Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi
17.06.2025 14:34
7.2k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Astana şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýany milli baýramy bilen gutlady
17.06.2025 12:40
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýany milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
17.06.2025 11:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar
R.Meredow BMG-niň wekili bilen Türkmenistanyň amala aşyrýan ynsanperwer işlerini maslahatlaşdy
17.06.2025 11:00
3.4k+

R.Meredow BMG-niň wekili bilen Türkmenistanyň amala aşyrýan ynsanperwer işlerini maslahatlaşdy

16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-slowen syýasy geňeşmeleri geçirildi
17.06.2025 10:54
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-slowen syýasy geňeşmeleri geçirildi

16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda
ABŞ-da JetZero Z4 uçarlarynyň önümçiligi üçin zawod gurlar: olar Boeing 737 Max 10-dan öňe geçýär
17.06.2025 10:47
6.7k+

ABŞ-da JetZero Z4 uçarlarynyň önümçiligi üçin zawod gurlar: olar Boeing 737 Max 10-dan öňe geçýär

Kaliforniýanyň JetZero startapy Demirgazyk Karolinany orta ýola uçýan täze JetZero Z4 uçarlaryny öndürjek zawodyň gurluşygy üçin saýlady. Zawod Grinsboro şäherindäki Pýemont-Triad howa menziliniň golaýynda ýerleşer diýlip çak edilýär
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
17.06.2025 00:14
6.3k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi
16.06.2025 18:42
5.2k+

Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi

16-njy iýunda Sloweniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnik Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy
16.06.2025 18:16
23k+

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin serhetlerini açdy

Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz çäginiň berilmegi boýunça dessin çäreler görýär
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
16.06.2025 18:06
3.4k+

Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda gozgalmaýan emläkler satylýar
16.06.2025 12:06
14k+

Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda gozgalmaýan emläkler satylýar

Türkmenistanyň Kazyýetleriniň kararlary esasynda jemagat öňünde söwda etmek arkaly ýaşaýyş jaýlary, öýler we beýleki desgalaryň görnüşleri satylýar. Satlyga çykarylan jaýlar we beýleki desgalar, olaryň bahalary, umumy meýdany we ş
Karl III 1200-den gowrak adama rysarlyk derejesini berdi we atlar bilen sylaglady
16.06.2025 11:49
5.4k+

Karl III 1200-den gowrak adama rysarlyk derejesini berdi we atlar bilen sylaglady

1215 adam Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-niň doglan güni mynasybetli baýraklara mynasyp boldy. Olaryň arasynda futbolçy Dewid Bekhem, aktýor Geri Oldman, The Who toparynyň agzasy Rojer Doltri we ýazyjy Pet Barker bar diýip, The Guardian habar berýär
Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
15.06.2025 22:40
4.5k+

Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

14-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi
BAE Aşgabatda mejbury gonan ýolagçylaryna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
14.06.2025 21:42
25k+

BAE Aşgabatda mejbury gonan ýolagçylaryna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

14-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna resmi hatlaryny iberdi
R.Meredow RF-niň daşary işler ministriniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
14.06.2025 20:48
9.7k+

R.Meredow RF-niň daşary işler ministriniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy

14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar S
Eýran ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistana hoşallygyny bildirdi
14.06.2025 20:38
17k+

Eýran ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistana hoşallygyny bildirdi

14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehan bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda daşary işler ministri
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli daşary ýurt awiakompaniýalaryna howa giňişligini açdy
14.06.2025 20:31
34k+

Türkmenistan Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli daşary ýurt awiakompaniýalaryna howa giňişligini açdy

Türkmenistan soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämilerine öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertler tizden-tiz üpjün etdi
Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa boýunça halkara maslahat geçirildi
14.06.2025 14:23
4k+

Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa boýunça halkara maslahat geçirildi

12-nji iýunda Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guraldy
Türkmenistanyň ilçisi Filippinlerde birnäçe duşuşyklary geçirdi
14.06.2025 14:11
5.1k+

Türkmenistanyň ilçisi Filippinlerde birnäçe duşuşyklary geçirdi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Filippinlerdäki ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.) Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy
Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirildi
14.06.2025 14:05
2.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda bu ýurduň orta telekeçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn
Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
14.06.2025 13:39
2.1k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady
14.06.2025 12:18
19k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, serker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na gutlag iberdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.